Sepleriň elýeterliligi

Aklawçy: Gyrgynçylykda aýyplanýan amerikan esgeri Owganystanda gulluk etmek islemeýär


Graždan ilatdan 16 adamyň öldürilmegi 13-nji martda ABŞ-a garşy ýörişlere, sol sanda Jalalabad welaýatynda protestlere sebäp boldy.

Graždan ilatdan 16 adamyň öldürilmegi 13-nji martda ABŞ-a garşy ýörişlere, sol sanda Jalalabad welaýatynda protestlere sebäp boldy.

Öten hepde Owganystanda 16 adamy atyp öldürmekde aýyplanýan amerikan esgerini goramagy üçin ýüz tutulan aklawçy bu esgeriň uruş barýan regiona dördünji gezekde öz razylygy bilen gitmändigini aýdýar.

Jon Henri Braun bu esgeriň ozal iki gezek ýaralanandygyny, maşgala agzalarynyň ol indi söweşe iberilmez diýip pikir edendigini belleýär:

—Oňa indi söweşe iberilmejekdigi aýdylypdyr. Maşgalasy ol indi söweşe iberilmez diýen pikirde bolupdyr. Oňa we maşgalasyna onuň Orta Gündogarda bolmaly döwri tamamlandy diýlipdir. Onsoň sözüň doly manysynda bir günüň içinde ýagdaý üýtgäpdir. Meniň pikirimçe, onuň yzyna golanmagyna özüniň hem maşgalasynyň begenmändigini aýtsak, adalatsyzylk bolmaz.

Aklawçynyň aýtmagyna görä, bu esgeriň maşgala agzalary nämeleriň bolandygyny eşidenlerinde aňk-taňk bolupdyrlar. Sebäbi onuň ozal musulmanlara we orta gündogarlylara garşy duşmançylygy ýok eken. Braun muny şeýle beýan edýär:

—Olar bütinleý haýran galypdyrlar. Onuň ozal musulmanlar barada aýdan duşmançylykly sözi ýok. Onuň ozal orta gündogarlylar barada aýdan duşmançylykly sözi ýok. Ol, umuman, mylaýym ýigit hasaplanýar. Şol sebäpden olar muňa haýran galypdyrlar.

Braun bu ot açyşlyk barada özüniň köp zatlary bilmeýändigini aýtsa-da, bu işde alkogol, gysyş astynda bolmak, şeýle hem öýdäki meseleler rol oýnapdyr diýilýän gürrüňleri ret edýär.

11-nji martda Gandagar welaýatynda parahat ilata degişli adamlaryň atylyp öldürilmegi Kabul bilen Waşingtonyň arasyna ýene dartgynlylyk saldy. Bu NATO-nyň bir bazasynda Gurhanyň ýakylmagy sebäpli tutuş Owganystanda turan protestleriň üstüne urna boldy.

Adamlaryň şeýle öldürilmegi netijesinde owgan prezidenti Hamid Karzaý NATO-nyň esgerlerini Owganystanyň obalaryndan çekilip, esasy bazalarda bolmaklyga çagyrdy. Şeýle hem ol Birleşen Ştatlaryň Kabula baran goranmak ministri Leon Panetta howpsuzlyga kontrollygy Waşingtonyň planlaşdyryş ýaly 2014-nji ýylda däl-de, 2013-nji ýylda öz eline aljakdygyny aýtdy.

Bu aralykda “Talyban” güýçleri giň gerimli parahatçylyk gepleşiklerine girişere özara ynam döretmek maksady bilen Katarda barýan deslapky gepleşikleri wagtlaýyn togtatjakdygyny bildirdi.

Waşington hem “Talybanyň” bu habaryna reaksiýa bildirip, özüniň syýasy barlyşyk üçin “Talyban” bilen gepleşiklere gatnaşmak baradaky wadasynda durandygyny aýtdy. Ýöne, Waşingtonyň aýtmagyna görä, bu gepleşiklerde ilerleýiş owgan hökümeti bilen gozgalaňçylaryň arasynda gelinmeli ylalaşyklara bagly.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG