Sepleriň elýeterliligi

104 ýaşly täjik 70 ýyldan soň ýurduna dolandy


Muhammadaziz Abdurahmanow

Muhammadaziz Abdurahmanow

Muhammadaziz Abdurahmanow 70 ýyldan soň Täjigistana gelip, şu hepde öz garyndaşlaryna gowuşdy. 104 ýaşly Abdurahmanow, öz maşgala agzalaryny taşlap, şonça ýyllap goňşy Owganystanda ýaşandygyna ökünmeýändigini aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň habar bermegine görä, Abdurahmanow molla kakasy Orsýete, Sibire sürgün edilenden soň, 1943-nji ýylda Täjigistanyň Farhar ertabynda ýerleşýän obasyndan gaçyp, Owganystana geçipdir.

Abdurahmanow Buharada bir medresede bilim alan kakasynyň 1937-nji ýylda äkidilendigini, şondan soň ony maşgala agzalarynyň görmändigini aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, kakasy sürgün edileninden soň, maşgalasy ýanalyp, oba-oba göçüp-gonmaga mejbur edilipdir.

Maşgala iň soňunda owgan serhediniň golaýynda ýerleşýän Arça obasyna göçüp gelipdir. Abdurahmanow bu ýerde kolhoz meýdanynda sekretar bolup işläpdir. Ýerli resmiler "duşmanyň ogludygy" üçin türmä dykmak bilen haýbat atanlarynda Abdurahmanow Täjigistany terk etmegi ýüregine düwüpdir:

—Biz gysyş astynda bolduk. Meniň Täjigistany terk etmegimiň sebäbi şol. Aýalym, çagam, ejem we inim bu ýerde galdylar. Ýöne men gitdim.

Aýalyny, 12 ýaşyndaky gyzyny Täjigistanda galdyryp, Owganystanyň Baglan welaýatyna aşan Abdurahmanow ol ýerde bosgun hökmünde kabul edilipdir. Baglanda ilatyň aglaba köplüginiň dari dilini bilýändigi Abdurahmanowyň owgan jemgyýetine aňsatlyk bilen integrirlenmegine kömek edipdir.

Abdurahmanow Owganystanda işli, dost-ýarly bolup, jaý salynsa-da, hiç haçan gaýtadan öýlenmändir. Tajigistanda bolsa onuň garyndaşlary sowet häkimiýetleri tarapyndan mydama göz astynda saklanypdyr. Onuň inisi Muhammad Azam häkimiýetleriň agasynyň nirededigini biljek bolup, garyndaşlaryny ýygy-ýygydan soraga çekendiklerini aýdýar.

Muhammad Azam bu soraga çekilmeleriň 15 ýyldan soň galandygyny ýatlaýar. Onuň çaklamagyna görä, häkimiýetler şondan soň garyndaşlary Abdurahmanowyň Owganystandaky ýaşaýyş ýagdaýyndan habarsyz diýen netijä gelen bolmaly. Abdurahmanowyň Owganystandadygyny bilseler-de, yzarlanmakdan gorkup, garyndaşlary onuň bilen gatnaşyk açjak bolmandyrlar.

Aýalynyň we beýleki garyndaşlarynyň aglabasynyň aradan çykandygyny Abdurahmanow 2000-nji ýylda birnäçe günlük sapar bilen Täjigistana baranda bilip galypdyr. Ol ýeke gyzy Gurbanbiniň ulalanyny, dumuşa çykyp, maşgalaly bolanyny göresiniň gelendigini aýdýar.

Abdurahmanowyň ahyrsoňy öz il-gününe dolanyp gelmegi ýene 10 ýyla çekipdir. Öz aýtmagyna görä, täjik obasy Arça gelip gideninden soň onda mundan beýläk Owganystanda galyp bilmerin diýen duýgy döräpdir.

Iki dogan Abdurahmanowyň Täjistanda ymykly ýerleşmegi üçin kanuny rugsat sorap, hem täjik hem-de owgan häkimiýetlerine ýüz tutupdyrlar. Soňra oňa gaýtadan täjik graždanlygy berlip, täjik häkimiýetleri Abdurahmanowyň pensiýa we beýleki kömekleri almaga hukuklydygyny tassyklapdyrlar.
XS
SM
MD
LG