Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: ‘Diňe pornografiýa saýtlary petiklenýär’


Türkmenistanyň Demokratiýa we Adam hukuklary boýunça milli institutynyň müdiri Gurbannazarowa Türkmenistanda internet saýtlarynyň çäklendirilýändigi baradaky maglumaty ret etdi.

Türkmenistanyň Demokratiýa we Adam hukuklary boýunça milli institutynyň müdiri Gurbannazarowa Türkmenistanda internet saýtlarynyň çäklendirilýändigi baradaky maglumaty ret etdi.

Nýu-Ýorkda Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça diňlenişik geçirilýär. 15-16-njy mart aralygynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetinde geçirilýän bu diňlenişikde Türkmenistandaky ýagdaýa Graždan we Syýasy hukuklar boýunça Halkara Şertnamasynyň esasynda 1997-nji ýyldan bäri ilkinji gezek syn edilýär. Bu çäräniň gidişinde Türkmenistanyň resmileri we ynsan hukuklary boýunça halkara bilermenler çykyş edýärler.


Türkmenistanyň Graždan we Syýasy hukuklar boýunça Halkara Şertnamasyny berjaý edişine syn edilip, Nýu-Ýorkda geçirilýän diňlenişikde türkmen resmileri milli hasabaty hödürlediler we özlerine berlen käbir soraglara jogap berdiler.

Türkmenistanyň Demokratiýa we Adam hukuklary boýunça milli institutynyň müdiri Ýazdursun Gurbannazarowa ýurduň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny “gyşarnyksyz ýerine ýetirýänligini” we bu ugurdan halkara hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýänligini aýtdy.

Gurbannazarowa 2011-2012-nji ýyllarda Türkmenistanda kabul edilen Jenaýat kodeksini, Türkmenistanda daşary ýurt raýatlarynyň ýagdaýyny kesgitleýän kodeksi, Maşgala kodeksini, Howa we Tokaý kodekslerini, şeýle-de Syýasy partiýalar baradaky kanuny wajyp işler hökmünde agzap geçdi.

Türkmen resmisi 2011-nji ýylyň 25-nji martynda kabul edilen Jenaýat kodeksinde tussaglaryň hak-hukuklarynyň, şol sanda olaryň kanunyň öňündäki deňliginiň berjaý edilmeginiň kepillendirilýänligini aýtdy.

Gurbannazarowa Türkmenistanda tussaglaryň hat alyşmaga, saklanýan şertlerinden şikaýat etmäge, psihologlaryň we ýuristleriň ýardamyndan peýdalanmaga haklydygyny, olaryň pensiýany we döwlet tarapyndan berilýän dürli goldaw tölegleri almaga hukugynyň bardygyny hem belledi.

Maglumatlar çapraz

BMG-niň Adam hukuklary komitetiniň agzasy, şwesiýaly ekspert Krister Telin Türkmenistan tarapyndan hödürlenen resmi hasabatyň daşarky garaşsyz çeşmeleriň maglumatlaryna gabat gelmeýänligini, olaryň biri-birinden çürt kesik tapawutlanýandygyny nygtady.



Telin türkmen hökümetiniň halkyň durmuşyna berk gözegçiligi dowam etdirýänligi, raýatlaryň pikir, hereket, bileleşmek we din azatlyklaryny çäklendirýänligi, dissidentleriň tussag astyna alnyp, dälihanalara salynýanlygy, hökümetiň syýasaty bilen ylalaşmaýanlaryň ýurduň içinde sürgün edilýänligi, raýatlaryň ýurduň daşyna çykmak hukuklarynyň bozulýanlygy, metbugat azatlygynyň we internetiň elýeterliliginiň çäklendirilýänligi, websaýtlaryň petiklenýändigi barada garaşsyz çeşmelerden habar berilýänligini belledi.

Şwesiýaly ekspert Telin adamlaryň öz hukuklarynyň bozulmagy barada gürlemäge hem gorkýandyklary barada maglumatlaryň bardygyny aýtdy.

Ol şeýle ýagdaýda Türkmenistanyň Demokratiýa we adam hukuklary boýunça milli institutynyň wezipesiniň-de kesgitsiz görünýänligini belledi.

Komitetiň adyndan çykyş eden Gerald Neuman Türkmenistanyň öz türmelerine garaşsyz synçylary goýbermeýänligini ýatlatdy.

Şeýle-de, Neumanyň sözlerine görä, halkara synçylarynyň gyzyklanmasy Türkmenistanyň kanunlarynyň diňe mazmuny bilen çäklenmeýär. Şol kanunlary durmuşa geçirýän institutlaryň we döwlet edaralarynyň işleýşine degişli hakyky ýagdaý hem synçylary gyzyklandyrýar.

“Habar saýtlary petiklenenok”

Türkmen resmileri özlerine berlen käbir sowallara jogap berdiler. Gurbannazarowa öz ýolbaşçylygyndaky institutyň alyp barýan işleriniň arasynda milli we halkara kanunlara syn etmek wezipesiniň bardygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, institutyň ýurtdaky problemalara garamaga we demokratik ösüşe syn bermäge-de ygtyýary bar. Şeýle-de bu edarada raýatlaryň ýüzlenmelerine garamaga ygtyýarly bölum hem işleýär.

Komitetiniň agzalarynyň Türkmenistanyň resmi hasabatynyň ýurda daşardan berilýän bahalardan tapawutlanýanlygy barada eden belligine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew jogap berdi. Onuň sözlerine görä, türkmen tarapynyň öz hasabatyny hödürläp çykyş etmeginiň özi hökümetiň niýetini görkezýär.



Hajyýew Türkmenistanda daşary ýurt habar serişdeleriniň hem erkin işlemeklerine mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyp, ýurtda iş alyp barýan AP, AFP, “Reuters” ITAR-TASS, “RIA-Nowosti” agentliklerini, şeýle hem Hytaýyň, Türkiýäniň, Pakistanyň media edaralaryny mysal getirdi. Ol ýurtda daşary ýurtly 32 žurnalistiň akkreditasiýa edilendigini belledi.



Türkmenistanyň Demokratiýa we Adam hukuklary boýunça milli institutynyň müdiri Gurbannazarowa bolsa Türkmenistanda internet saýtlarynyň çäklendirilýändigi baradaky maglumaty ret edip, ýurtda maglumat sebäpli hiç hili saýtyň petiklenmeýändigini, diňe pornografiýa maksatly saýtlara girişleriň ýapylýandygyny öňe sürdi.

Türkmen resmileriniň bu çykyşy Türkmenistan tarapyndan BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetinde 1997-nji ýyldan bäri edilen ilkinji çykyş boldy. Komitetiň şeýle diňlenişiklerinde guramanyň agza döwletleri, adatça, ýylda çykyş edýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG