Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekspertler Türkmenistan-Ukraina gaz hyzmatdaşlygy barada


Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kiýewde, 2012-nji ýylyň 13-nji marty.
Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kiýewde, 2012-nji ýylyň 13-nji marty.
Ukraina Türkmenistan bilen ýangyç-energetika boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýene bir gezek isleg bildirdi. Bu barada 13-nji martda Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Kiýewde geçiren duşuşygyndan soň, öz internet saýtynda şeýle ýazdy: “Ukrainadaky bar bolan mümkinçilikler tebigy gazy çykaryp almak hem ony transport etmek üçin ulanylyp bilner”.

Ýanukowiç Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikinji gazgeçiriji bolan “Malaý-Bagtyýarlygyň” gurluşygyna ukrain tarapynyň hem gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini, munuň özleri üçin möhümdigini belledi. Ol özleriniň transowgan “Gündogar-Günbatar” gazgeçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmak isleýändigini hem mälim etdi.

Kiýewdäki duşuşyk barada ýaýradylan resmi maglumatda Ukraina bilen Türkmenistanyň arasynda gönümel gaz söwdasy boýunça gepleşik geçirilendigi hakda açyk aýdylmaýar. Ýanukowiçiň Türkmenistana 2011-nji ýyldaky sapary döwründe bolsa hut şu meselä köp üns berlendigi barada ukrain metbugatynda ýazylypdy.

Hiç zat aýdylmasa...

Ukrain analitikleriniň çaklamagyna görä, Berdimuhamedowyň Kiýewe eden soňky saparynyň türkmen gazyny Ukraina göni satmak meselesine bagyşlanan bolmagy mümkin. Ukrainanyň syýasy barlaglar boýunça garaşsyz merkeziniň syýasy programmalarynyň ýolbaşçysy Swetlana Konançuk “Amerikanyň Sesi” radiostansiýasynyň Rus gullugyna bu hakda: “Eger bu barada kesgitli beýanat bolmadyk bolsa, diýmek, iki tarap özara ylalaşan däldirler” diýdi.

Bilermen türkmen gazynyň söwdasynyň Orsýetiň bähbitleriniň çägindedigini nygtaýar:

—Hemme kynçylyk Türkmenistanyň we Ukrainanyň Orsýetiň täsiriniň çägindeliginden gelip çykýar. Şonuň üçin syýasy hem moral taýdan gaty täsirli Orsýetiň bähbidine çapraz gelýän meseleler boýunça bu iki ýurt özara bir karara gelip bilmezler, şol sanda gazyň söwdasy boýunça hem ylalaşyp bilmezler.

Bilermeniň pikiriçe, prezident Berdimuhamedowyň Kiýewe eden soňky sapary möhüm dokumentlere gol çekmegi göz öňünde tutman, diňe öwreniş-aňtaw häsiýetine eýe bolupdyr. Ol bu meselede şeýle diýýär:

—Bu duşuşyga ukrain gaz söwdagärleriniň türkmen bazaryna gaýdyp barmak islegi itergi beren bolmagy gaty ähtimal. Ukrainanyň iri telekeçileriniň köpüsiniň öz emlägini arzan türkmen gazyny satmak bilen toplap başlandygy belli.

Kremliň kölegesinden çykyş

“Ukrain energetikasy” saýtynyň baş redaktory Roman Nisowiç bolsa Türkmenistanyň, edil Ukraina ýaly, Kremliň geosyýasy täsirinden çykmak isleýändigini aýdýar:

—Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi hem Azerbaýjan bilen bilelikde “Transhazar” gazgeçirijisine dokumental esas taýýarlaýar. Ýakynda Ankara eden saparynyň dowamynda prezident Berdimuhamedow täze energo-proýektler barada söz açdy. Şonda “Transowgan” gazgeçirijisi barada hem gürrüň edildi.

Niçowiçin “Amerikanyň sesi” radiosynyň Rus gullugy bilen söhbetdeşlikde nygtamagyna görä, türkmen gazyny göni Türkmenistandan satyn almak meselesiniň çözülmegi ukrain ykdysadyýeti üçin gaty möhüm. Onuň aýtmagyna görä, Kiýew rus gazyny käbir ýewropa ýurtlaryna satylýan nyrhyndan hem gymmat bahadan almak bilen hiç ylalaşyp bilmeýär.

“Ukrainanyň täze energiýasy” alýansynyň ýolbaşçysy Waleriý Borowik bolsa Ukrainanyň türkmen gazyny satyn almak mümkinçiliginden hemişelik diýen ýaly mahrum bolandygyny aýdýar:

—Ýurduň öňki prezidenti Wiktor Ýuşenkonyň döwründe ukrain tarapy Türkmenistandan ýylda 30 milliard kubometr gaza bolan kwotasyny “RosUkrEnergo” kompaniýasyna geçirensoň, türkmen gazyny göni satyn almak mümkinçiliginden mahrum boldy. Şeýdip, “RosUkrEnergo” arkaly bu mesele bilen bagly Orsýetiň beren görkezmesi ýerine ýetirildi.

Borowigiň “Amerikanyň sesi” radiosynyň Rus gullugy bilen söhbetdeşlikde bellemegine görä, Orsýet mundan beýläk-de Merkezi Aziýadan çykarylýan gazyň monopoliýasyny öz elinde saklamaga synanyşýar:

—Häzirlikçe gazy diňe iki ýol bilen daşap bolýar ol “Merkezi Aziýa-Merkez-2” gazgeçirijisi hem-de “Merkezi Aziýa-Merkez-3” gazgeçirijisi arkaly. Onuň biri Gazagystanyň, Özbegistanyň hem Orsýetiň territoriýasy arkaly geçýär. Ikinjisi bolsa Gazagystanyň hem Orsýetiň üsti bilen Merkezi Aziýanyň gazyny Ukraina geçirip bilýär. Orsýet “Energetik jemgyýete” goşulmady, şonuň üçin hem ol öz transport mümkinçiliklerinden üçünji ýurtlaryň peýdalanmagyna ýol bermäge borçly däl.

Orsýetde ýerlerşýän “Integrasiýa” atly rus-ukrain merkeziniň ýolbaşçysy Sergeý Morozow Ukrainanyň häzirki geosyýasy ýagdaýyny juda amatsyz hasaplaýar:

—“Gazprom” “Demirgazyk akymynyň” kuwwatlylygyny artdyrýar, gazgeçirijä gitdigiçe köp gaz geçirýär. “Günorta akym” taýýar bolansoň, Ukrainanyň gazgeçirijileri hiç kime geregi bolmadyk poslap ýatan turbalara öwrülip biler. Şonuň üçin ukrain tarapynyň diňe arzan türkmen gazyny satyn almak däl-de, öz gazgeçirijilerini doldurmak isleýändigine düşünip bolýar. Ýöne, hakykatda bolsa, Ukrainanyň Türkmenistana baglaýan umydy häzirlikçe salgyma çalym edýär.

“Amerikanyň sesi” radiostansiýalarynyň Rus gullugynyň maglumaty esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG