Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistan: zähmet migrantynyň arzuwy


Il arasynda “obýezdnoý” diýlip atlandyrylýan ýoluň ugrunda zähmet migrantlary özlerine iş hödürlenmegine garaşýarlar, 15-nji mart, 2012.

Il arasynda “obýezdnoý” diýlip atlandyrylýan ýoluň ugrunda zähmet migrantlary özlerine iş hödürlenmegine garaşýarlar, 15-nji mart, 2012.

Aşgabadyň demirgazygyndan geçýän ýol 22 ýaşly Erkiniň indi iki aý bäri ala daňdandan “işe” diýip gelýän ýerine öwrüldi. Il arasynda “obýezdnoý” diýlip atlandyrylýan bu ýol ýük ulaglarynyň iň köp gatnawly ýoly hasaplanýar. Arzan işçi güýjüniň ýygnanyşýan bu nokadynyň töwereginde uly senagat ammarlary, söwda nokatlary, gurluşyk firmalary ýerleşýär.

Erkin Daşoguz welaýatynyň Tagta etrabyndan geçen ýylyň aýagynda iş gözleginde Aşgabada gelendigini aýdýar:

—Men gurluşykda işlärin diýip Aşgabada geldim, ýöne belli bir iş tapmanymdan soň şu ýere gelip, günde kim nähili iş hödürlese, şony edip, iki şaý gazanyp, günümi görüp ýörün.

Işsizlik meselesi Türkmenistanda indi birnäçe ýyl bäri ýiti sosial meseleleriň biri bolmagynda galýar. Ýurtdaky işsizligiň derejesiniň resmi statistikasy berilmese-de, onuň ýokarydygy aýdylýar.

Dünýä Banky, Halkara Pul Gaznasy ýaly halkara edaralary Türkmenistanda işsizligiň derejesiniň 25 prosente ýetýändigini bellese, ABŞ-nyň Merkezi Aňtaw gullugynyň dünýä boýunça Faktlar Kitabynda Türkmenistanda işsizligiň derejesiniň 60 prosentdigi aýdylýar.

1990-njy ýyllaryň ahyrynda, 2000-nji ýyllaryň başynda zähmet migrantlarynyň welaýatlardan Aşgabada we onuň eteklerine gelmegi paýtagtda işçi güýjüniň has hem agdaklyk etmegine getirdi. Hatda Aşgabadyň belli-belli köçelerinde “gul bazary” adyna eýe bolan we hususy hojalyklaryň hödürleýän hakyna tutma işlerini ýerine ýetirýän erkin zähmet bazary hem döredi.

Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy, garaşsyz synçy Amanmyrat Bugaýew bu barada şeýle diýýär:

—Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda we 21-nji asyryň başky iki-üç ýylynyň dowamynda ýurduň dürli welaýatlaryndan, dürli etraplaryndan iş gözläp gelen ýaş adamlar, 25-35 ýaş aralygyndakylar, her gün Aşgabat şäheriniň Ýubileýni köçesiniň ugruna çykýardylar. Olaryň sany bolmanda 50-60-dan az bolmaýardy. Olar kimdir biriniň özlerine iş hödürlärine garaşýardylar. Kimleri kimdir biriniň howlusynyň içinde ekinine, bag-bakjasyna seredýärdi, ýene birleri howlynyň içinde, köçäniň ugrunda abadanlaşdyryş işlerini geçirýärdiler. Ine şoňa ujypsyzja hak tölenýärdi.

Häzir azaldy

Ýöne soňky döwürde ýurtda alnyp barylýan gurluşyk meýdanynyň merkezden welaýatlara çenli giňeldilmegi bilen ýerlerde iş üpjünçiliginiň ýuwaş-ýuwaş gowulaşýandygy göze ilýär. Ony Aşgabadyň “gul bazary” diýlip atlandyrylýan ýerde köçede durýan migrantlaryň sanynyň azalmagyndan hem duýmak bolýar.

Häzir welaýatlardan gelýän zähmet migrantlary paýtagtyň Aýtyakow-Ýubileýni köçeleriniň çatrygynyň 200 metr töweregi günortasynda jemlenip, olaryň sanynyň bir tapgyrda 10-a çenli azalandygy aýdylýar.

Daşoguzly Erkin welaýatdan gelen zähmet migrantlarynyň bir toparynyň Aşgabadyň demirgazygyndan geçýän ýoluň ugrunda hem jemlenýändigini aýdyp, onuň öz wagtlaýynça ýaşaýan ýerine ýakynrakdygyny aýdýar.

—Men häzir Çoganlyda dört oglan bolup, bir kiçiräk wagonda ýaşaýan. Bu ýaşaýyş “otagy” üçin biziň her birimiz hojaýyna aýda 100 manat töleýäs. Ýaşaýyş şertlerimiz, garaz, öňuşmazça däl. Gazymyz, elektrik togumyz bar. Ýöne tok çäklendirilen režimde. Ol köplenç öçýär.

Erkin şu günki gün Aşgabadyň töweregindäki gurluşuk edaralarynyň birinde zähmet şertnamaly işe eýe bolmagyň arzuwy bilen ýaşaýar.

—Şertnamasyz ýerine ýetirilýän wagtlaýyn işlerde işleýänler goragsyz bolýar. Olar ýurtda sosial we zähmet goraýyş hukuklaryndan mahrum, olary çem gelen hakyny tölemän kowup bilýär—diýip, Erkin bu arzuwy hasyl bolýança, özüniň aýdyşy ýaly, “gul bazaryndaky” wagtlaýynça az hak tölenýän agyr zähmeti ýerine ýetirmäge mejbur bolýandygyny aýdýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG