Sepleriň elýeterliligi

Azat edilen gazak aktiwisti syýasy garaýyşlarynyň üýtgemändigini aýdýar


Gazagystanda deslapky tussaghanadan azat edilen aktiwist özüniň syýasy garaýyşlarynyň üýtgemändigini aýdýar.

Garaşsyz “Wzglýad” gazetiniň redaktory Igor Wenýatskiý penşenbe güni garaşylmadyk ýagdaýda tussaglykdan boşadyldy we onuň günäsi geçildi.

Wenýatskiý ýanwar aýynda Žanaözen şäherine sapar edensoň tussag edilipdi. Žanaözende dekabr aýynda dörän gozgalaňlarda polisiýa 16 protestçini atyp öldüripdi.

Penşenbe güni Ýewropa Parlamenti Žanaözendäki wakalar boýunça özüniň çuňňur aladasyny bilidirip, beýanat ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG