Sepleriň elýeterliligi

Resmi Aşgabat Azatlygyň habarçylaryny akkreditasiýasyz işlemekde aýyplady


Aşgabat, 2010-njy ýyl.

Aşgabat, 2010-njy ýyl.

Türkmen hökümeti Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň Türkmenistandaky habarçylaryny akkreditasiýasyz işlemekde aýyplady.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Wepa Hajyýew anna güni BMG-niň ýygnagynda çykyş edip, ýurtda daşary ýurt habar beriş serişdeleri üçin işleýän žurnalistleriň akkreditasiýa edilmekleriniň hökmanydygyny belledi:

—Emma siziň belläp geçen kategoriýaňyza Azatlyk Radiosy üçin maglumat ýygnaýan graždanlar girýär. Olaryň hiç biriniň akkreditasiýasy ýok. Eger-de olar muny “žurnalistiki iş” diýip atlandyrýan bolsalar, onda bu Türkmenistanyň häzirki kanunçylygyna gabat gelenok.



Türkmenistanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Wepa Hajyýew

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Wepa Hajyýew

Türkmen DIM-niň ýokary derejeli resmisi Wepa Hajyýew bu barada Nýu-Ýorkda BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetinde Türkmenistandaky hukuk ýagdaýlary we syýasy azatlyklar boýunça geçirilen iki günlük diňlenişigiň soňky gününde aýtdy.

Penşenbe güni, diňlenişigiň birinji gününde, Türkmenistanyň Demokratiýa we Adam hukuklary boýunça milli institutynyň müdiri Ýazdursun Gurbannazarowa bolsa Türkmenistanda informasion internet saýtlarynyň petiklenýändigi baradaky maglumaty ret edip, diňe pornografiýa maksatly saýtlara girişleriň ýapylýandygyny öňe sürdi.

Emma, Türkmenistandan gelip gowuşýan maglumatlara görä, birnäçe habar saýtlary, şol sanda Azatlyk Radiosynyň internet sahypasy, Eurasianet.org, "Türkmen Inisiatiwasy" toparynyň neşiri, "Gündogar" neşiri, "Turkmeninform", "Facebook", "Twitter" saýtlary petikli, pornografiýa maksatly saýtlar bolsa açyk bolmagynda galýar.



15-16-njy mart aralygynda geçirilen ýygnakda Türkmenistandaky ýagdaýa Graždan we Syýasy hukuklar boýunça Halkara Şertnamasynyň esasynda 1997-nji ýyldan bäri ilkinji gezek syn edildi.

Sessiýada Türkmenistanyň resmileri we adam hukuklary boýunça halkara bilermenler çykyş etdiler. Türkmen resmileri milli hasabaty hödürlediler we özlerine berlen soraglara jogap berdiler. Aşgabat bu ugurda özüniň ilkinji hasabatyny 1998-nji ýylda hödürlemelidi, emma ol 14 ýyl gijikdirildi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy obýektiw habarlary, analizleri hem-de demokratiýa we erkin bazara geçiş döwründe zerur bolan ýerli we regional meseleler boýunça diskussiýalary halk köpçüligine ýetirýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG