Sepleriň elýeterliligi

17 ýylda Türkmenistan bagy-bossanlyga öwrüldimi?


Ýakynda Türkmenistanda agaç nahallaryny oturtmagyň ýaz möwsümi dabara bilen başlanyp, oňa Türkmenistanyň prezidenti, hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, edara-kärhanalaryň işçi-gullukçylary, studentler, mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

17 ýyl mundan öň, 1995-nji ýylda Türkmenistanda ýurdy baglyga öwürmek boýunça kampaniýa başlanyp, Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň inisiatiwasy bilen başlanan şol kampaniýa ýurduň ähli ilatly nokatlarynyň töwereginde gök guşak döretmegi göz öňünde tutýardy. Şol guşak ini 36 metr giňlikde bolup, oňa 6 hatar daragt ekilmelidi.

Prezidentiň bu programmasyny amala aşyrmak üçin 1999-njy ýylda ýörite “Gök guşak” aksioner jemgyýeti döredildi.

Türkmenistanyň prezidentiniň karary bilen 2009-njy ýylyň 13-nji aprelinde “Gök guşak” aksioner jemgyýeti ýapylyp, onuň alyp barýan işleri-agaç nahallaryny oturtmak, oňa ideg etmek Türkmenistanyň Tebigaty goraýyş ministrligine geçirildi.

Türkmenistanda tokaý döretmek ideýasy aslyýetinde yssy hem gurak howa şertli ýurt üçin uly ähmiýete eýedigini, şol ideýany tapanyň Nyýazow däldigini, çöllük arap ýurtlaryndan alnan tejribedigini öz wagtynda synçylar aýdypdy.

Gündogarda açaç ösdürip ýetişdirmek sogap iş hasaplanýar hem ol hat-da çaga terbiýeläp ýetişdirmek bilen bir hatarda goýulýar.

17 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýylyň iki paslynda millionlap ekilýän nahallar Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürdimi? “Tegelek stol” programmasynyň bu gezekki goýberilişinde şu meseläniň üstünde durlup geçilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG