Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwadaky protestler: “NTW - masgara!”


Protestçiler Moskwadaky “Ostankino” telewizion diňiniň öňünde miting geçirdiler.
Protestçiler Moskwadaky “Ostankino” telewizion diňiniň öňünde miting geçirdiler.

Geçen dynç günlerinde Moskwada protest aksiýalary geçirildi. Protestçiler Orsýetiň döwlet telekanalynda oppozisiýanyň abraýyna kölege salýan maglumatlaryň berilmegine garşy çykyş etdiler. Resmi rugsady bolmadyk bu protest çykyşlaryna gatnaşyjylaryň onlarçasy polisiýa tarapyndan tussag edildi.

Hepdäniň ýekşenbe güni Moskwada, käbir maglumatlara görä, 50-ä, beýleki maglumatlara görä, 100-e golaý protestçi polisiýa tarapyndan saklandy.

Protestçiler Moskwadaky “Ostankino” telewizion diňiniň öňünde geçirilen bu mitingde döwlet telewideniýesinde ýurduň syýasy oppozisiýasynyň abraýyna kölege salýan maglumatlaryň berilmegine garşy çykyş etdiler.

Resmi bolmadyk bu protest çykyşlarynyň öňüsyrasynda Orsýetiň döwlet gözegçiligindäki NTW telekanaly 4-nji martda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanan Wladimir Putine garşy çykyş etdirmek üçin adamlara pul tölenenligi barada film görkezdi.

Protestler

Käbir oppozision hereketler “NTW” telekanalyny suda berjekdiklerini hem aýdýarlar.
Käbir oppozision hereketler “NTW” telekanalyny suda berjekdiklerini hem aýdýarlar.
Ýekşenbe günki proteste jemlenen birnäçe ýüz adam Moskwanyň “Ostankino” telewizion diňiniň golaýynda geçiren bu aksiýasynda “NTW - masgara!”, “Putinsiz Orsýet!” diýen şygarlary öňe sürdüler.

Polisiýa tarapyndan tussag edilen protestçileriň arasynda oppozisiýanyň liderleri Boris Nemtsow we Sergeý Udaltsow hem bar.

Moskwada mundan bir gün öň hem polisiýa tarapyndan azyndan 20 sany protestçi saklandy. Olar hem Putiniň döwlet başynda galmagyna we Orsýetiň telewideniýesinde oppozisiýany biabraý edýän maglumatlaryň berilmegine garşy çykyş edipdiler.

Putin we onuň ýaranlary öňem öz syýasy garşydaşlaryny abraýdan düşürmäge we käbir oppozision liderleri daşary ýurtlaryň, şol sanda ABŞ-nyň maliýe kömegine daýanýan şahslar hökmünde häsiýetlendirmäge synanyşypdylar.

Pul kime tölendi?

“NTW” telekanalynyň geçen hepdede görkezen programmasynda Orsýetiň oppozisiýasynyň Waşingtondan maliýe kömegini alyp, protest çykyşlaryna gatnaşdyrmak üçin ýönekeý raýatlara pul töleýänligi barada çaklama öňe sürüldi.

Ýekşenbe günki proteste jemlenen birnäçe ýüz adam Moskwanyň “Ostankino” telewizion diňiniň golaýynda geçiren bu aksiýasynda “NTW - masgara!”, “Putinsiz Orsýet!” diýen şygarlary öňe sürdüler.
Ýekşenbe günki proteste jemlenen birnäçe ýüz adam Moskwanyň “Ostankino” telewizion diňiniň golaýynda geçiren bu aksiýasynda “NTW - masgara!”, “Putinsiz Orsýet!” diýen şygarlary öňe sürdüler.
Käbir oppozision hereketler “NTW” telekanalyny suda berjekdiklerini hem aýdýarlar. “Demokratik seçgi” atly hereketiň başlygy Igor Drandiniň sözlerine görä, “NTW” telekanalynyň görkezen “Protestiň anatomiýasy” atly programmasynda “Demokratik seçgi” hereketiniň surata düşüren we aslynda Putiniň tarapdarlaryna pul tölenýänligini görkezýän wideoýazgy ulanylypdyr.

Igor Drandin “NTW”-ni öz wideoýazgysyny birugsat ulanmakda we onuň mazmunyny bilkastlaýyn galplaşdyrmakda aýyplaýar.

“NTW” telekanaly, 2000-nji ýylda Wladimir Putiniň birinji prezidentlik möhleti başlanansoň, döwletiň gözegçiligindäki “Gazprom” kompaniýasynyň eýeçiligine geçirilipdi.

Şu ýylyň mart aýynyň başynda Wladimir Putin üçünji prezidentlik möhletine saýlandy.

Onuň döwlet başyna gelmeginiň perspektiwasy we geçen ýylyň dekabr aýynda geçirilen parlament saýlawlaryndaky galplyklar ýurtda köpçülikleýin protest aksiýalarynyň geçirilmegine sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG