Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Damaskda gazaply söweşler barýar


BMG bir ýyl bäri dowam edýän Siriýa gozgalaňlarynda 8,000-den gowrak adamyň öldürilendigini aýdýar.
BMG bir ýyl bäri dowam edýän Siriýa gozgalaňlarynda 8,000-den gowrak adamyň öldürilendigini aýdýar.
Siriýanyň paýtagty Damask şäherinde pitneçiler bilen hökümet güýçleriniň arasynda söweş gidýär.

Bu çaknyşygyň bir ýyl mundan ozal prezident Başar al-Assadyň režimine garşy gozgalaň başlany bäri iň agyr söweşdigi aktiwistleriň sözlerine salgylanylyp, habar berilýär.

Hökümet güýçleri bilen Azat Siriýa goşunynyň pitneçileriniň arasyndaky çaknyşyklar Damaskyň al-Mezze etrabynda ýüze çykdy. Bu ýerde birnäçe howpsuzlyk güýçleriniň ýerleşdirilendigini ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Bu söweş ir ertire çenli azyndan iki sagatlap dowam etdi.

Britaniýada ýerleşýän Siriýa gözegçilik ediji adam hukuklary boýunça topar Damaskdaky öz aktiwistlerine salgylanyp, söweşde hökümetiň azyndan 18 esgeriniň ýaralanandygyny mälim etdi.

Bu çaknyşyklar Damaskda we Siriýanyň ikinji uly şäheri bolan Aleppoda geçen hepde ahyrynda bolan bomba partlamasynda 30 töweregi adam öldürilenden soň ýüze çykdy.

Birek-biregi aýyplaýarlar

Ýekşenbe güni Aleppoda ulaga berkidilen bomba partlamasynda azyndan 2 adam öldi we 30 töweregi adam ýaralandy.

Mundan bir gün öň Damaskda bir wagtda bolan bomba hüjümlerinde 27 adam öldi we 100-e golaýy ýaralandy.

Bomba partlamasynda häkimiýetler “terrorçylary” aýyplaýarlar, oppozisiýa bolsa onuň gozgalaňy öjükdirmek üçin häkimiýetler tarapyndan ýörite amala aşyrylandygyny çaklaýar.

BMG bir ýyl bäri dowam edýän Siriýa gozgalaňlarynda 8,000-den gowrak adamyň öldürilendigini aýdýar. BMG-niň maglumatyna görä, 30,000 adam ýurdy terk edipdir, 200,000 adam ýurduň içinde başga ýere göçürilipdir.

Ýekşenbe güni agşam Damaskda bolan çaknyşyklar Gyzyl Haç guramasynyň halkara komitetiniň prezidenti Ýakob Kellenbergeriň Siriýa meselesini maslahat etmek üçin Moskwa sapara giden wagty ýüze çykdy. Duşenbe güni Kellenberger Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşik geçirýär.

Orsýet Siriýa režiminiň uzak wagtdan bäri ýarany bolmak bilen, Assadyň öz opponentlerini basyp ýatyrmagyny ýazgarýan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýalaryna Hytaý bilen bile iki gezek garşy çykdy.

Moskwa saparynyň öň ýanynda eden çykyşynda Kellenberger Assadyň režimine garşy protestlerde ýaralananlary ewakuasiýa etmek üçin her gün azyndan iki sagatlap ot açyşlygyň togtadylmagynyň zerurdygyny aýtdy.

BMG-niň ozalky baş sekretary, Siriýa boýunça BMG-niň we Arap Ligasynyň ýörite wekili Kofi Annan ot açyşlygy bes etmek we halkara synçy toparynyň missiýasy barada maslahat etmek üçin halkara ekspertler toparynyň Siriýa sapar etmegi barada görkezme berdi.

Annanyň sözçüsiniň aýtmagyna görä, bu toparyň duşenbe güni Nýu-Ýorkdan we Ženewadan Damaska ugramagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG