Sepleriň elýeterliligi

Almatynyň sudy oppozisiýa liderleriniň tussaglyk möhletini uzaltdy


Duşenbe güni Almaty şäheriniň sudy ýakynda tussag astyna alnan iki sany oppozisiýa lideriniň wagtlaýyn tussaglyk möhletini ýene bir aý uzaltmak barada karar çykardy.

Gazagystanyň oppozision “Alga” partiýasynyň lideri Wladimir Kozlow bilen belli oppozisiýa lideri Serik Sapargali şu ýylyň ýanwar aýynda ýurduň Janaözen şäherine baranlaryndan soň Milli Howpsuzlyk Komitetiniň işgärleri tarapyndan tussag edilipdiler.

Ýurduň howpsuzlyk organlary olaryň ikisine-de ilat arasynda sosial gahar-gazaby öjükdirmekda aýyplama bildirýärler. Emma Wladimir Kozlow bilen Serik Sapargali bu aýyplamalary toslanan we syýasy matlaba esaslanýan aýyplama diýip hasaplaýarlar.
XS
SM
MD
LG