Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň paýtagtynda ikitaraplaýyn çaknyşyklar güýçlendi


Duşenbe güni Siriýanyň paýtagty Damaskda hökümet güýçleri bilen ýaragly söweşijileriň arasynda güýçli atyşyklar ýüze çykdy.

Ýerli aktiwistler bu atyşyklaryň ýurtda soňky bir ýyl bäri dowam edýän halk çykyşlarynyň barşynda ýüze çykan iň bir gazaply çaknyşyklaryň biridigini aýdýarlar.

Bu wakanyň öňýany, şu geçen dynç alyş güni Siriýanyň Damask we Aleppo şäherlerinde amala aşyrylan bomba partlamalarynda 30 töweregi adamyň ölendigi barada maglumat alyndy.

Bu wakanyň fonunda şu gün Moskwada Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň prezidenti Jakob Kellenberger Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Siriýa gumanitar ýardam ýüklerini eltmek meseleleri barada gepleşik geçirdi.
XS
SM
MD
LG