Sepleriň elýeterliligi

Fransiýada ýewreý mekdebiniň öňünde üç çaga we bir uly adam öldürildi


Duşenbe güni Fransiýanyň Toulos şäherindäki ýewreý mekdebiniň öňünde amala aşyrylan ýaragly hüjümde dört adam ölüp, ençeme adam ýaralandy. Ýerli resmiler ölenlerden üçüsiniň çagalardygyny mälim etdiler.

Polisiýa işgärleri hüjüm eden adamy gözlemeklerini dowam etdirýärler.

Wakanyň gözli şaýatlary bir näbelli ýaragly adamyň ýewreý mekbediniň öňündäki çagalara we ene-atalara garşy ok atyp, soňra dessine motosiklde ol ýeri terk edendigini aýdýarlar.

Geçen hepde Fransiýanyň hut şol raýonynda näbelli bir ýaragly adamyň amala aşyran aýry-aýry iki sany hüjüminde uç sany harby desantçy ölüpdi.
XS
SM
MD
LG