Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýanyň maliýe ministri öz wezipesinden gidýändigini yglan etdi


Duşenbe güni Gersiýanyň maliýe ministri Ewangelos Wenizelos ýurduň dolandyryjy Sosialistik partiýasynyň liderligine saýlanmagynyň yzy bilen, özüniň ministrlik wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

Ýekşenbe güni Sosialistik partiýanyň gurultaýynda geçirilen ses berişlikde Ewangelos Wenizelos bu partiýanyň ozalky lideri Dorj Papandreunyň ornuna saýlandy.

Gresiýanyň maliýe ministriniň wezipesine indi kimiň bellenjekdigi barada häzirlikçe anyk maglumat ýok.

Bu wakanyň öňýany, geçen hepde ýewro zolagyna girýän ýurtlar Gresiýany maliýe krizisinden halas etmek üçin oňa bermeli edilen onlarça milliard dollaryň ikinji bölegini oňlap ses berdiler.
XS
SM
MD
LG