Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Amnesty International” NATO-nyň Liwiýadaky hereketlerini tankytlady


Duşenbe güni ynsan hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasy geçen ýyl Liwiýada NATO-nyň geçiren howa hüjümlerinde parahat ýaşaýjylaryň öldürilmegi bilen baglanyşykly bolan wakalar boýunça NATO-nyň zerur derňewleri geçirmändigini aýdyp, bu ýagdaýy tankyt etdi.

Mundan daşary, bu gurama öz beýanatynda Liwiýada öldürilen parahat ýaşaýjylaryň hossarlaryna kompensasiýa tölemek barada-da NATO-nyň hiç hili çäre görmeýändigini belläpdir.

“Amnesty International” guramasy geçen ýyl Liwiýanyň dürli şäherlerinde NATO-nyň geçiren howa hüjümlerinde azyndan 55 sany parahat ýaşaýjynyň öldürilendigi, şolardan hem 16-synyň çagalar we 14-siniň aýallardygy barada anyk maglumatyň toplanandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG