Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň futbol komandasy KDR-iň komandasyndan utuldy


Duşenbe güni Nepalyň paýtagty Katmandu şäherinde Türkmenistanyň we Demirgazyk Koreýanyň futbol komandalary Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň çagyryş Kubogy ugrundaky final ýaryşda özara bäsleşdiler.

Bu bäsleşigiň öňýany, geçen hepde bu ýaryşyň ýarym final oýnunda türkmenistanly futbolçylar filippinli futbolçylardan 2:1 hasap bilen üstün çykdylar.

Ýöne final ýaryşda Türkmenistanyň futbolçylary Demirgazyk Koreýanyň futbolçylaryndan 1:2 hasap bilen utuldylar. Şeýlelikde, Demirgazyk Koreýanyň komandasy 2015-nji ýylda Awstraliýada geçjek Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň final tapgyrynda oýnamaga hukuk aldy.

Dogry iki ýyl mundan ozal hem bu iki ýurduň komandalary Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň çagyryş Kubogy ugrundaky final ýaryşda bäsleşenlerinde, bäsleşik Demirgazyk Koreýanyň futbolçylarynyň haýryna tamamlanypdy.
XS
SM
MD
LG