Sepleriň elýeterliligi

BMG: Kanunlaryň işleýşi möhüm


Komitetiň başlygy Zonke Zanele Majodina öňegidişligiň diňe bir täze kanunlaryň kabul edilmegi bilen däl-de, eýsem olaryň durmuşa geçirilmegi bilen gazanylmalydgyny belledi.

Komitetiň başlygy Zonke Zanele Majodina öňegidişligiň diňe bir täze kanunlaryň kabul edilmegi bilen däl-de, eýsem olaryň durmuşa geçirilmegi bilen gazanylmalydgyny belledi.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň 104-nji sessiýasynda Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça geçirilen iki günlük diňlenişik 16-njy martda tamamlandy.

Diňlenişigiň dowamynda niderlandly ekspert Kornelis Flinterman Türkmenistanda adamlaryň hereket etmek, şeýle-de ýurduň daşyna çykmak mümkinçiliklerine degişli meseleleri gozgady. Flinterman türkmen hökümetine “ygararly” bolmadyk käbir adamlaryň, ýagny syýasy oppozisiýanyň wekilleriniň, žurnalistleriň, dini ýolbaşçylaryň we käbir studentleriň ýurtdan çykarylmaýandygy barada maglumatlaryň bardygyny nygtap geçdi. Şeýle-de Flinterman ýurtda adamlaryň işe ýerleşmek meselesinde “propiska” diýilýän talabyň kynçylyk döredýändigi baradaky habarlaryň gowuşýandygyny aýtdy.

Niderlandly ekspertiň agzan bu meselelerine Türkmensitanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Wepa Hajyýew şeýle jogap berdi: “Türkmenistanyň çäklerinde bökdençsiz hereket edip bolýar. 2008-nji ýylda Türkmenistanyň raýatlary babatynda bar bolan çäklendirmeler ýatyryldy”.

Hajyýew propiska meselesine degip, häzirki döwürde “munuň hususy sektorda işlejekler üçin bökdençlik bolup bilmejekdigini aýtdy: “Hawa, hökümet guramalaryna işe giriljek bolnanda, talap edilýän şertleriň biri-de bu “propiska”. Ýöne bu halatda iş beriji Zähmet ministrligine ýüz tutup, degişli rugsady alyp bilýär”.

Hajyýew bu mesele boýunça sözüni jemläp, “propiskanyň” diňe bölekleýin bir meseledigini aýtdy. Onuň sözlerinden çen tutulsa, onda ýurduň beýleki künjeklerinden gelen raýatlar paýtagtda gurluşyk kompaniýalarynda arkaýyn işläp bilýärler, ol munuň üçin kompaniýanyň şol adamlaryň sanawyny häkimlige bermeginiň gerekdigini aýtdy.

“Gara sanaw”

Käbir adamlaryň ýurtdan çykmagyna çäklendirmeleriň bardygy barada berlen soraga jogap berip, Hajyýew “gara sanawyň” bardygy baradaky maglumatlary ret etdi. Daşary işler ministriniň birinji orunbsarynyň sözlerne görä, “diňe sud işi dowam edýän, bergisi bolan ýa-da hökümet syrlaryny saklaýan adamlaryň ýurduň daşyna çykmagyna garşy belli bir çäreler görülýär”.

Hajyýew oppozisiýa wekilleriniň, graždan aktiwistleriniň ýurtdan çykmagyna päsgelçiligiň ýoklugyny, olaryň öňünde “ýaşyl yşygyň” ýanýandygyny aýtdy: “Çykmak isleýän bolsalar, olara “ýaşyl yşyk”. Men wizalary bermek boýunça komitetiň agzasy hökmünde hem hemaýat edeýin”.

Dini azatlyklar

Alžirli ekspert Lazhari Bowuzid Türkmenistandaky dini ýagdaýlara ünsi çekdi. Ol dini guramalary hasaba almak proseduralarynyň näme üçin prezidentiň karary bilen dolandyrlyp, bu ugurda parlamentiň kabul eden resminamasynyň ýokdugy barada hasabat bermegi sorady. Şeýle-de ol ýurtda howpsuzlyk güýçleriniň käbir dini toparlaryň ybadathanalaryna baryp, olary ýumrandyklary barada hem habarlaryň gelip gowuşandygyny aýtdy.

Hajyýew dini guramalar boýunça prezidentiň kararlary kabul edip-etmändiginiň ýadyna düşmeýändigini, şeýle-de 2007-08-nji ýyllardan başlap, hasaba alynmadyk dini guramalaryň ybadathanalarynyň ýumrulmagy ýaly çäreleriň hem geçirilmeýändigini aýtdy.

Harby gullukçylar

Diňlenişigiň barşynda Türkmenistanda harby gullukçylaryň dürli işlere çekilýändigi baradaky maglumatlar hem agzalyp, bu ugurdan düşündirişiň berilmegi soraldy.

Hajyýew geçen ýyllaryň dowamynda harby gullukçylary dürli işlere çekmek praktikasynyň ulanylandygyny, esasan hem munuň gullukçylaryň öz durmuş hajatlary üçin işlere çekilendigini aýtdy. Onuň sözünden çen tutulsa, häzirki alnyp barylýan ugurda gullukçylar diňe harby taýýarlygyny ýokarlandyrmak bilen meşgullanýarlar.

Metbugat azatlygy

Surinamaly ekspert Margo Waterwal türkmen resmileriniň ünsüni Türkmenistanyň habar serişdeleriniň ýagdaýyna, hususan-da, ýurtda Azatlyk Radiosynyň žurnalistleriniň yzarlanmalara sezewar edilýändigine çekdi.

Wepa Hajyýew Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen bagly soraga şeýle jogap berdi: “Siziň belläp geçen kategoriýaňyza Azatlyk Radiosy üçin maglumat ýygnaýan graždanlar girýär. Olaryň hiç biriniň akkreditasiýasy ýok. Eger-de olar muny “žurnalistiki iş” diýip atlandyrýan bolsalar, onda bu Türkmenistanyň häzirki kanunçylygyna gabat gelenok”.

Ekspert Waterwalyň soragyna türkmen delegasiýasyndan, Türkmenistanyň Demokratiýa we Adam hukuklary boýunça milli institutynyň müdiri Ýazdursun Gurbannazarowa habar serişdeleriniň işini dolandyrýan kanunyň könelendigini, ýöne şonda-da habar serişdelerine garşy hiç hili gadagançylygyň ýokdugyny aýtdy.

“Bizde habar serişdeleri boýunça kanun bar. Biziň pikirimizçe-de, bu eýýäm köneldi. Ýöne şol kanuna görä hem habar serişdeleriniň üsti bilen maglumatlaryň ýaýradylmagyny böwetlemek ýaly çäreler göz öňünde tutulmadyk. Biz bu ugurda käbir özgerişlikleriň edilmelidigini kabul edýäris. Sebäbi bu kanun entek Sowet Soýuzy döwründe kabul edilipdi.”

Gurbannazarowa ýurtda hiç hili pikir çäklendirmeleriň ýokdugyny, “ýurtda islendik görnüşdäki maglumatlaryň çap edilip, telewideniýe arkaly ýaýlyma berilýändigini” öňe sürdi.

Diňlenişik tamamlanandan soň, BMG-niň Adam hukuklary boýunça komiteti Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça “alada dörediji” ýagdaýyny gowulandyrmaga isleg bildirmeginiň gowy garşylanandygyny mälim etdi, emma ýurtda kanunçylyk bilen kanunlaryň durmuşa geçirilişiniň arasynda uly bir boşlugyň bardygyny nygtady.

Komitetiň başlygy Zonke Zanele Majodina öňegidişligiň diňe bir täze kanunlaryň kabul edilmegi bilen däl-de, eýsem olaryň durmuşa geçirilmegi bilen gazanylmalydgyny belledi.

Komitet özüniň jemleýji synyny şu hepdäniň dowamynda iberer. Dokumentde gozgalan meselelere jogap bermegi üçin türkmen hökümetine wagt berler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG