Sepleriň elýeterliligi

Fransiýada ýewreý mekdebiniň öňünde dört adam öldürildi


Fransiýanyň mekdeplerinde şeýle wakanyň ilkinji gezek bolanlygy habar berilýär.

Fransiýanyň mekdeplerinde şeýle wakanyň ilkinji gezek bolanlygy habar berilýär.

Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozy ýurduň günortasynda ýerleşýän ýewreý mekdebinde bolan ok atyşygy “milli betbagtçylyk” diýip atlandyrdy. Bu waka zerarly dört adam, şol sanda üç çaga heläk boldy.

Sarkozy duşenbe güni pajygaly wakanyň bolan ýeri Tuluza şäherine baryp gördi:

—Bu aýylganç. Bu betbagtçylyk. Munuň aňyrsynda ýatan sebäpleri hiç zat bilen düşündirip bolmaýar. Kimdir biriniň mekdebiň öňünde, ýewreý çagalaryň mekdebiniň öňünde adamlary oka tutmagy akyla sygmaýar. Bu betbagtçylykdyr.

Meňzeş wakalar

Sarkozynyň sözlerine görä, mekdepdäki waka bilen geçen hepde şol bir regionda bolan we üç sany fransuz harbysynyň atylyp öldürilmegi bilen bagly aýry-başga wakalaryň arasynda örän uly meňzeşlik bar.

Fransiýanyň prezidenti jenaýatçylaryň häkimiýetler tarapyndan jenaýat suduna tabşyryljagyny wada berdi.

Premýer-ministr Fransua Fillon Fransiýanyň mekdeplerinde we dini ybadathanalarynda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegini talap etdi.

Fransiýanyň mekdeplerinde şeýle wakanyň ilkinji gezek bolanlygy habar berilýär.

Fransiýanyň terrorçylyga garşy göreş boýunça prokurorlary hem mekdepdäki heläkçilik, hem-de esgerleriň öldürilmegi bilen bagly ok atyşyklar boýunça derňew geçirmäge başlandyklaryny yglan etdiler.

Şaýatlaryň sözlerine görä, ýewreý mekdebinde bolan hüjüm motosiklli adam tarapyndan amala aşyrylypdyr.

Geçen hepde motosikl sürüji hüjümçi Tuluza we Montauban şäherlerinde jemi üç esgeri atyp öldüripdi. Derňewçiler şol wakalarda pidalaryň bir ýaragdan heläk bolandygyny aýtdylar. Berilýän maglumatlara görä, ýewreý mekdebine edilen hüjümde hem şol bir ýarag ulanylypdyr.

Mekdepdäki heläkçilik


Tuluza şäheriniň prokurory Mişel Waletiň žurnalistlere aýtmagyna görä, ok atyşyk duşenbe güni irden Ozar Hotrah mekdebinde sapaklar başlanmanka ýüze çykypdyr. Hüjümçi çagalary we ululary oka tutupdyr.

—Bu adam öz skuterinden çykdy we mekdebiň daşynda, öz golaýynda duran ähli adamlary, çagalary we ululary oka tutdy. Çagalar göni mekdebe gaçyp gutuldylar—diýip, Walet aýtdy.

Prokuroryň sözlerine görä, ok atyşykda 3, 6 we 10 ýaşly çagalar heläk bolupdyr. Şeýle-de mekdebiň din boýunça 30 ýaşly mugallymy we heläk bolan iki çaganyň atasy öldürilipdir. 17 ýaşly adam ýaralandy.

Fransiýada aprel aýynda boljak saýlawlarda Sosialistik partiýanyň dalaşgäri we prezident Sarkozynyň esasy bäsdeşi Fransua Ollandyň hem Tuluza sapar etmegine garaşylýar.

Ýewreý mekdebine edilen bu hüjüm halkara derejesinde berk ýazgaryldy. Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Žose Manuel Barrozo wakany “aýylganç jenaýatçylyk” diýip atlandyrdy.

Ýewropanyň Ýewreý Kongressi bu hadysa “wagşylyk” diýdi.

Ysraýylyň daşary işler ministri Ýigal Palmor jenaýatyň üstüni açmakda Ysraýylyň fransus häkimiýetlerine bil baglaýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG