Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýanyň hökümeti BMG-niň inspektorlaryny çagyrýar


Sişenbe güni Demirgazyk Koreýanyň hökümeti üç ýyla çeken böwşeňlikden soň, Birleşen Milletler Guramasynyň ýadro meseleleri boýunça inspektorlaryny bu ýurtda ýadro barlaglaryny geçirmeklige çagyrdy.

Demirgazyk Koreýanyň ýadro meseleleri boýunça araçyl wekili Ri Ýong-Ho BMG-niň inspektorlarynyň Demirgazyk Koreýa bilen Birleşen Ştatlaryň baglaşan täze şertnamasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmekleri üçin çagyrylandyklaryny mälim etdi.

Demirgazyk Koreýa Waşington bilen baglaşan öz täze şertnamasynda urany baýlaşdyrmak we ýadro ýaraglaryny synag etmek ýaly işlerini togtatmaklyga borçlanýar. Sişenbe güni BMG-niň Halkara Atom Agentligi Phenýanyň eden çakylygyny kabul edendigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG