Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň parlamentinde ABŞ-nyň uçar hüjümleri ýazgaryldy


Sişenbe güni Pakistanyň parlament komissiýasy bu ýurduň territoriýasynda Birleşen Ştatlaryň pilotsyz uçarlarynyň amala aşyrýan harby hüjümleriniň haýdan-haý togtadylmagyna çagyryş edip, çykyş etdi.

Bu baradaky talap sişenbe güni Pakistan bilen Birleşen Ştatlaryň dartgynlaşan gatnaşyklaryny täzeden ýumşatmak meselelesi barada parlamentde geçirilen maslahatda yglan edildi.

Mundan daşary, Pakistanyň ýörite parlament komissiýasy geçen ýylyň noýabr aýynda 24 sany pakistanly esgeriň ölümine getiren hüjüm bilen baglanyşykly Birleşen Ştatlaryň hiç hili şert goýmazdan ötünç soramalydygyny öňe sürdi.

Şol gürrüňi edilýän ganly hüjümiň yzy bilen Pakistanyň hökümeti bu ýurduň üsti bilen NATO-nyň Owganystana ýük daşaýan transport ýoluny petikläpdi.
XS
SM
MD
LG