Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýerewanyň gijeki klubyndaky granat partlamasynda 10 adam ýaralandy


Sişenbe güni irden Ermenistanyň resmileri Ýerewan şäherindäki bir gijeki klubda amala aşyrylan granat partlamasynda 10 adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Resmileriň aýtmaklaryna görä, ýaralananlardan dokuzysy Eýranyň raýatlary we biri ýerli ermeni raýaty.

Ýerewanyň polisiýasy bu wakada näbelli bir adamyň Ýerewanyň “Alen-Elen” atly gijeki klubynyň içine granat oklap, gaçyp gidendigini mälim etdi.

Ýöne bu hüjümiň kim tarapyndan we nähili matlap bilen amala aşyrylyp bilinjekdigi barada häzirlikçe anyk garaýyş öňe sürülmeýär.
XS
SM
MD
LG