Sepleriň elýeterliligi

Yragyň dürli ýerlerindäki hüjümlerde azyndan 45 adam öldi


Sişenbe güni Yragyň dürli ýerlerinde amala aşyrylan hüjümlerde azyndan 45 adam ölüp, 200-den gowrak adam ýaralandy. Yragyň günortasyndaky mukaddes Kerbala şäheriniň özünde şu gün azyndan 13 adamyň öldürilendigi barada maglumat alyndy.

“Roýter” habar agentliginiň maglumatyna görä, şu günüň dowamynda Kerbala şäherinden başga-da, Bagdat, Kirkuk, Hilla, Dakuk we Duluýa şäherlerinde-de jemi 15 töweregi partlama amala aşyrylypdyr.

Hüjümleriň esasan howpsuzlyk edaralarynyň ýerleşýän ýerlerinde we şaýy kwartallarynda amala aşyrylandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG