Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň delegasiýasy Birleşen Ştatlara sapar eder


Duşenbe güni Aşgabatda geçirilen wideo-maslahatda daşary işler ministri Raşit Meredow Türkmenistanyň hökümet delegasiýasynyň Birleşen Ştatlara etjek saparyna görülýän taýýarlyklar barada hasabat berdi.

Raşit Meredowyň sözlerine görä, geljekki saparda Türkmenistan bilen Birleşen Ştatlaryň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlardaky hyzmatdaşyklaryny ösdürmekligiň perspektiwalaryna garalar.

Duşenbe günki maslahatda prezident G.Berdimuhamedow hem Türkmen döwletiniň ABŞ bilen öz partnýorlyk hyzmatdaşlyklaryny mundan beýläk has-da ösdürmek bilen boljakdygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG