Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti Ahmet Çalyk we Igor Makarow bilen duşuşdy


Duşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk we “Itera” kompaniýasynyň başlygy Igor Makarow dagylar bilen aýry-aýrylykda gepleşik geçirdi.

Gepleşiklerde Ahmet Çalyk bilen Igor Makarowyň öz kompaniýalarynyň Türkmenistanda amala aşyrýan proýektleri bilen bagly hasabat berendikleri we Türkmenistan bilen öz hyzmatdaşlyklaryny mundan beýläk has-da ösdürmeklige gyzyklanma bildirýändiklerini nygtandyklary habar berilýär.

Ýöne Türkmenistanyň resmi habar çeşmeleri bu iki kompaniýanyň Türkmenistanda anyk nähili proýektleri alyp barýandyklary barada maglumat bermeýärler.
XS
SM
MD
LG