Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň we Eýranyň raýatlary: “Uruş islemeýäris”


Edri adamlaryň urşy islemeýändikleri barada açyk aýtmaga borçludygyny nygtaýar.

Edri adamlaryň urşy islemeýändikleri barada açyk aýtmaga borçludygyny nygtaýar.

Bu ýurtlaryň hökümetleri birek-biregi ýigrenip bilerler. Emma Ysraýylyň we Eýranyň käbir raýatlary ynsan derejesinde birek-birege ýagşy niýet bilen garaýandyklaryny görkezmek üçin kampaniýa goşuldylar.

Eýran bilen Ysraýylyň arasynda uruş haýbatlary ýaňlanýarka, ysraýylly är-aýal internetde parahatçylyk ugrunda kampaniýa başlady we eýranlylary harby konflikte “ýok” diýmäge çagyrdy.

41 ýaşly, grafika boýunça dizaýner Ronni Edri we onuň maşgalasy 36 ýaşly Mihal Tamir bu inisiatiwany geçen hepdede öňe sürdüler. Olar “Facebook” sahypasynda öz çagalary bilen duran suratlaryny ýerleşdirip, “Eýranlylar, biz sizi gowy görýäris we ýurduňyzy bombalamak islemeýäris” diýen ýazgyny çap etdiler.

Edri internetde eýran halkyna, ene-atalara, çagalara, doganlara ýüzlenip, ýerleşdiren ýazgysynda adamlaryň arasynda urşuň bolmagy üçin “olaryň birek-birekden gorkmalydygyny we ýigrenmelidigini belledi”. Emma ol özüniň eýranlylardan gorkmaýanlygyny, olary ýigrenmeýänligini we olary hatda tanamaýanlygyny hem ýazdy.

Ronni we Mohal “Facebook” sahypasynda öz çagalary bilen duran suratlaryny ýerleşdirip, “Eýranlylar, biz sizi gowy görýäris we ýurduňyzy bombalamak islemeýäris” diýen ýazgyny çap etdiler

Ronni we Mohal “Facebook” sahypasynda öz çagalary bilen duran suratlaryny ýerleşdirip, “Eýranlylar, biz sizi gowy görýäris we ýurduňyzy bombalamak islemeýäris” diýen ýazgyny çap etdiler

Edri şeýle-de özüne hiç bir eýranlynyň, hiç wagtda, hiç hili ýamanlyk etmänligini hem aýdyp, şeýle duýgulary başdan geçirýän we goldaýan adamlary bu maglumaty başgalar bilen paýlaşmaga we eýran raýatlaryna tizden-tiz ýetirmäge çagyrdy.

Ysraýylyň raýatlarynyň Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtmaklaryna görä, olaryň ideýasy ýaryş meýdançasyna meňzeş bir giňişligi döretmekden ybarat. Emma bu meýdançada garşydaşlar göreşe derek birek-birege gol uzatmaly.

Mihal Tamir Eýrandan gowşan jogaplaryň özüni tolgundyranlygyny gürrüň berdi:

—Geçen 24 sagadyň dowamynda Eýranyň içinde ýaşaýan eýranlylar “Facebook” sahypasynda öz suratlaryny ýerleşdirdiler. Käbirleri ýüzüniň ýarysyny, beýlekileri aýnadaky suduryny şekillendirýän suratlaryny ýerleşdirdiler. Olar özlerini howply ýagdaýa salmak islemeýärler. Olar öz maglumatlaryny “Ysraýyllylar, biz siziň ýurduňyzy hiç wagtda bombalamarys, biz sizi gowy görýäris diýen formatda ýerleşdirdiler”.


Wideo: Ronni öz çykyşyny "YouTube" saýtynda hem ýerleşdirdi.

“Facebook” sahypasynyň Eýrandaky ulanyjylary Ysraýyl döwleti bilen islendik açyk kontaktyň özleriniň içalyçylykda aýyplanmagyna sebäp bolup biljegini bilýärler. Eýran Ysraýyl döwletini ykrar etmeýär we eýran raýatlarynyň bu ýurda syýahatyny gadagan edýär.

“Facebook” sahypasynda başlanan bu kampaniýa Eýranyň daşynda ýaşaýan we repressiýalardan gorkmaýan eýranlylar hem gatnaşýarlar. Kampaniýa Ysraýylyň raýatlary hem goşulýarlar. Olar öz suratlaryny hem parahatçylyga çagyrýan mazmunly maglumatlary çap edýärler.

Facebookda “Ysraýyl Eýrany gowy görýär” diýen sahypany döreden är-aýal blog hem alyp barýar. Olar eýranlylardan köp şahsy hatlaryň gowuşýanlygyny hem habar berdiler. Şeýle hatlaryň birinde bu kampaniýa “iki ýurduň arasyndaky dostlugyň başlangyjy” we “köp wagtlap birek-birekden jyda düşen doganlaryň birleşmegi” diýlip atlandyryldy.

Mihal Tamiryň pikirine görä, bu internet sahypasy adamlaryň arasyndaky “haýaty” ýumrup, olaryň özara gatnaşykda bolmagyna we syýasatçylardan daşlaşmagyna ýol açypdyr. Ol sosial media adaty adamlar üçin “hiç kim tarapyndan islenmeýän urşa” garşy öz sesini bermäge mümkinçilik döretdi diýýär.

Ysraýylly är-aýal “Facebook” sahypalarynyň çäginden hem daşary kampaniýa gurnamagy we muňa has köp adam çekmegi planlaşdyrýarlar.

Ronni Edri bu çäre netijede kararlary kabul edýän şahslara hem täsir ýetirer diýip umyt edýär. Edri adamlaryň urşy islemeýändikleri barada açyk aýtmaga borçludygyny hem nygtaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG