Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda Bahar baýramy


21-22-nji mart günleri Türkmenistanda Bahar baýramy – Nowruz.

21-22-nji mart günleri Türkmenistanda Bahar baýramy – Nowruz.

Şu hepde 21-22-nji mart günleri Türkmenistanda Bahar baýramy – Nowruz. Iki gün Türkmenistanda iş güni däl. Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, baýramçylyk günleri toý saçaklary ýazylyp, aýdym-saz çäreleri, sport ýaryşlary bilen Nowruz has-da dabaralandyrylýar.

2010-njy ýylda BMG-niň Baş assambleýasynyň ýörite rezolýusiýasy bilen her ýylyň 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Gündogar halklarynyň bu baýram gününiň üç müň ýyldan gowrak taryhy bar.

Türkmenistanda 2012-nji ýylyň Nowruz baýramy nähili bellenýär? Azatlyk Radiosyndan Nazar Hudaýberdi aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

XS
SM
MD
LG