Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Parlamentiň ozalky spikeri Öwezgeldi Ataýew tussaglykdan boşadyldy


Ynsan hukuklaryny goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” topary Türkmenistanyň ozalky parlament spikeri Öwezgeldi Ataýewiň we onuň aýalynyň türmeden boşadylandygyny tassyklap maglumat ýaýratdy.

Bu toparyň “Hronika Turkmenistan” atly internet saýtynda aýdylmagyna görä, bu baradaky täzeligi geçen hepde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary baradaky Komitetinde eden çykyşynda mälim edipdir.

Ýöne Öwezgeldi Ataýewiň we onuň aýalynyň anyk haýsy gün we nähili şertlerde azatlyga goýberilendigi barada häzirlikçe takyk maglumat ýok.

2006-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazow aradan çykanda, kanun boýunça prezidentiň wezipesini şol wagtky parlamentiň spikeri Öwezgeldi Ataýew wagtlaýyn ýerine ýetirmelidi.

Emma Nyýazowyň ölüminiň edil yzýany Öwezgeldi Ataýew we onuň aýaly Gözel Ataýewa gelnini öz janyna kast etmek derejesine ýetirmek synanyşyklarynda aýyplanyp, tussag edilipdiler.
XS
SM
MD
LG