Sepleriň elýeterliligi

Nowruz garyp owganlara garyplygyny duýdurýar


Owganystanyň müňlerçe garyp ýaşaýjylary üçin Nowruz baýramy olaryň gündeki durmuşynyň agyrlygyny hasam güýçli duýmagyna sebäp hem bolýar.

Owganystanyň müňlerçe garyp ýaşaýjylary üçin Nowruz baýramy olaryň gündeki durmuşynyň agyrlygyny hasam güýçli duýmagyna sebäp hem bolýar.

Nowruz baýramçylygynda owgan paýtagty Kabulyň köçeleri adamlardan dolýar. Baýramçylyk adamlara, gysga wagtlyk bolsa-da, gündelik durmuşlaryndaky agyr kynçylyklary ýatdan çykarmaga mümkinçik berýär. Emma hut baýramçylykda adamlaryň gözgyny ýagdaýy hemişekisinden-de has köp göze ilýär.

Müňlerçe adam Nowruz baýramyna taýýarlyk görüp, azyk önümlerini, sowgatlary, täze geýimleri satyn almak üçin Kabulyň çaň basan köçelerine we bazarlaryna çykýarlar.

Nowruz baýramy owgan halkynyň öz gündeki problemalaryny ýatdan çykaryp, gadymdan gelýän däp-dessrulary berjaý etmäge we baýramçylygy toý saçagy we aýdym-saz bilen garşy almaga mümkinçilik berýän ýylyň iň şatlykly senesidir.

Emma Owganystanyň müňlerçe garyp ýaşaýjylary üçin Nowruz baýramy olaryň gündeki durmuşynyň agyrlygyny hasam güýçli duýmagyna sebäp hem bolýar. Dünýäniň iň garyp we durnuksyz ýurtlarynyň biri bolan Owganystanda köp adam zordan gün görýär.

Agha Sardaryň maşgalasy

Kabul derýasynyň hapa kenarynda, gyzgylt reňkli ýörite eşik geýnen eli sübseli bir goja ýer süpürýär. Onuň duşundan şatlanyp, aýdym aýdýan we ellerinde kagyzdan ýasalan batbörekleri tutup barýan çagalar geçip barýarlar.

72 ýaşly köçe süpüriji Agha Sardar

72 ýaşly köçe süpüriji Agha Sardar

Emma 72 ýaşly köçe süpüriji Agha Sardar olara garamaýar. Onuň üçin Nowruz baýramy bir wagtky gurply durmuşyny ýatladýan we häzirki agyr ýagdaýyny has güýçli duýmaga mejbur edýän sene. Gojanyň özi bu hakda şeýle diýýär:

—Men hiç zat satyn almadym. Muňa pulum bolmanson, islegim-de ýok. Tutuş gün işleýänligim sebäpli, meniň hiç ýere gitmäge mümkinçiligim-de ýok. Men öň fermer bolup işleýärdim, goşunda gulluk edýärdim we sylanýan adamdym. Indi bolsa durmuş meniň duşumdan geçýär.

Agha Sardar Kabulyň Şarhara atly iň garyp bölekleriniň birinde ýaşaýar. Onuň garaňky we dar köçede ýerleşýän jaýynyň golaýynda hatarlanyşyp duran palçykdan salnan jaýlary we hapa suwly ýaplary görmek mümkin.

Sardaryň bir otagly garaňky we çygly öýüniň içinde çaň basan halyçadan we onuň üstündäki birnäçe ýassyklardan başga hiç zat ýok. Diwarda köne surat asylgy dur.

Sardar bu jaýda dul galan gyzy we ruhy taýdan näsag ogly bilen ýaşaýar. Ol maşgalasyny eklemek üçin ertirden agşama çenli zähmet çekmeli bolýar. Onuň köçe süpürip edýän gazanjy aýda 5 müň owganydan, ýagny 100 dollardan aşmaýar.

Nowruza taýýarlyk

Sardar dul adam. Ol az girdejili we geljege umytsyz garaýan öz maşgalasynyň Nowruz baýramyny bellemäge mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdýar:

—Şeýle çykgynsyz ýagdaýda bolmak gaty kyn. Men köplenç dukançylardan azygy karz alyp, pul gazanamsoň, hasaplaşmaly bolýaryn. Maşgalamy şeýdip ekleýärin.

Agha Sardaryň gyzy Şaima, içerini bezemäge we toý saçagyny ýazmaga mümkinçiligi bolmasa-da, öýüň içini tämizlemek bilen Nowruz baýramyna taýýarlyk görýänligini gürrüň berýär:

—Biz ýaly garyp adamlar başga näme edip bilsin? Biz täze geýim ýa iýmit satyn alyp bilmeýäris.

Şaima garyp adamlaryň, öýüniň içini tämizlemek bilen, durmuşlarynyň täzelenmegine bolan islegini görkezýändiklerini , şeýdibem, baýramçylyk däp-dessurlanyny özleriçe berjaý edýändiklerini aýtdy.
XS
SM
MD
LG