Sepleriň elýeterliligi

Indoneziýanyň Pariždäki ilçihanasynyň ýanynda partlama boldy


Çarşenbe güni Indoneziýanyň Pariždäki ilçihanasynyň ýanynda amala aşyrylan bomba partlamasynda ilçihananyň binasyna birneme zyýan ýetendigine garamazdan, adam ýitgisiniň bolmandygy habar berildi.

Fransiýanyň polisiýasy partlamanyň elde ýasalan bomba arkaly amala aşyrylan bolmagy mümkin diýlip çaklanylýandygyny mälim etdi.

Bu partlamada Indoneziýanyň ilçihanasynyň ýörite nyşana alnyp-alynmandygy barada-da heniz belli bir garaýyş öňe sürülmeýär. Partlamanyň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almandyr.
XS
SM
MD
LG