Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýa Eýrandan alýan nebitiniň möçberini düýpli azaltmakçy


Çarşenbe güni Ýaponiýanyň hökümeti Eýrandan satyn alýan nebitiniň möçberini düýpli azaltjakdygyny yglan etdi.

Bu wakanyň öňýany Amerikanyň Birleşen Ştatlary Eýran bilen biznes işlerini dowam etdirýän ýurtlara garşy täze sanksiýalaryň giriziljekdigini yglan edipdi.

Bu wakanyň fonunda Günorta Koreýanyň resmilerem bu ýurduň Eýrandan satyn alýan nebit önümlerini kemeltmek meseleleri bilen baglanyşykly Birleşen Ştatlaryň resmileri bilen gepleşikleriň geçiriljekdigini mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG