Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň sudy “Bhagawad-Gita” kitabyny oňlap karar çykardy


Çarşenbe güni Orsýetiň Tomsk oblastynyň sudy hindileriň mukaddes “Bhagawad-Gita” kitaby bilen baglanyşykly geçiren sud diňlenişiginde bu kitabyň ekstremistik mazmuna eýe däldigi barada karar çykardy.

Sud özüniň bu kararynda Tomsk şäheriniň ýerli sudunyň ozalky kararyny goldady.

Tomsk şäheriniň prokuratura işgärleri halkara Hare Krişna hereketini esaslandyryjy Swami Prabhupada tarapyndan kommentirlenen bu mukaddes kitabyň ekstremistik dini kitap hökmünde gadagan edilmegine aýak diräp çykyş etdiler.

Bu kitaba garşy Orsýetde gozgalan sud işine Hindistanyň hökümeti we parlamenti ýiti reaksiýa bildirdi.
XS
SM
MD
LG