Sepleriň elýeterliligi

“Al-Kaýda” Yrakdaky hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne aldy


Çarşenbe guni “Al-Kaýdanyň” Yrakdaky topary hepdäniň sişenbe güni Yragyň dürli şäherlerinde amala aşyrylan uly ýitgili hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alyp, beýanat ýaýratdy.

Sişenbe güni amala aşyrylan bu partlamalarda azyndan 50 töweregi adam ölüp, 200-den gowrak adam ýaralandy. Partlama amala aşyrylan köpsanly şäherleriň hatarynda Bagdat, Kerbala we Kirkuk ýaly şäherler-de bar.

“Al-Kaýda” toparyna degişli hasaplanylýan internet saýtynyň maglumatynda bu hüjümleriň şu aýyň ahyrynda Arap Ligasynyň Bagdatda geçirjek sammitiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hökümet planlarynyň gowşaklygyny görkezmekligi maksat edinendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG