Sepleriň elýeterliligi

Wladimir Putin Gyrgyzystanyň prezidenti bilen duşuşdy


Orsýetiň prezidentligine saýlanan Wladimir Putin sişenbe güni Ýewroaziýa Ykdysady Bileleşiginiň Moskwada geçen sammitiniň çäklerinde Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew bilen duşuşdy. Olaryň bu duşuşygy bary-ýogy 10 minut dowam etdi.

Duşuşygyň yzy bilen eden çykyşynda Wladimir Putin Orsýeti, Belarusy we Gazagystany öz içine alýan gümrük bileleşigine Gyrgyzystanyň-da bildirýän gyzyklanmasy üçin prezident Atambaýewe öz minnetdarlygyny bildirdi.
XS
SM
MD
LG