Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan resmi ýagdaýda Nowruz baýramyny belleýär


21-nji we 22-nji mart günleri Türkmenistanda resmi ýagdaýda Nowruz baýramçylygy bellenilip geçilýär.

Bu baýramçylyk bilen baglanyşykly Türkmenistanda iki gün raýatlar üçin dynç alyş gunleri diýlip yglan edildi.

Çarşenbe güni Nowruz baýramçylygy Türkmenistanyň dürli regionlarynda giň gerimde bellenlip başlandy.

2010-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Gündogaryň Nowruz baýramyny her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz Güni hökmünde belläp geçmek barada ýörite rezolýusiýa kabul edipdi.
XS
SM
MD
LG