Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Propiska kynçylyklary aradan aýryldymy?


Maryda ýaşaýan bir raýatyň Aşgabatda propiskasy bolmasa, onuň hatda hususy eýeçiligikdäki emlägi hem satyn almakda kynçylyk çekýändigi aýdylýar.
Maryda ýaşaýan bir raýatyň Aşgabatda propiskasy bolmasa, onuň hatda hususy eýeçiligikdäki emlägi hem satyn almakda kynçylyk çekýändigi aýdylýar.
BMG-niň Adam hukuklary komitetinde 15-16-njy martda Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada geçirilen diňlenişikde türkmen raýatlarynyň ýaşaýan ýerlerinden beýleki şäherlerde emläk satyn almakda hem işe ýerleşmekde propiska meselesi bilen bagly kynçylyklara-da garaldy.

Diňlenişikde bu baradaky soraglara Türkmenistanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Wepa Hajyýew jogap berip, ol hususy pudakda işe ýerleşmek üçin propiska meselesinde hiç hili kynçylygyň ýokdugyny aýtdy.

“Hususy pudakda işe ýerleşmek üçin propiska problema bolup bilmez” diýip, Hajyýew belledi. “Döwlet edaralarynda işlemek üçin propiska gerek, ýöne şol edara Zähmet ministrligine belli bir adamy işe almak isleýändigi barada maglumat ýetirse, bu meseläni çözüp bolýar”.

Hajyýew sözüniň dowamynda jaý almak meselesi barada hem durup geçdi. Onuň aýtmagyna görä, “hususy pudaga degişli jaýlary satyn almak üçin raýatlaryň şol şäherde propiskasynyň bolmagy hökmän däl, emma hökümete degişli emlägi satyn almak isleýänler üçin propiska problemasy döräp biler”.

Aşgabatly synçy hem ýazyjy Amanmyrat Bugaýew, edil Hajyýewiň aýdyşy ýaly bolmasa-da, soňky döwürlerde adamlaryň beýleki şäherlerde işe ýerleşmek meselesinde käbir özgerişlikler göze ilýändigini aýdýar.

“Iş gözläp paýtagta gelen beýleki welaýatlaryň ýaşaýjylaryna ýarym ýyllyk propiska berilýär, soňra ony ýene ýarym ýyla uzaldyp bolýar” diýip, Bugaýew aýdýar. Ýöne ol wagtlaýyn propiskanyň jaý satyn almak üçin ýeterlik däldigini hem nygtaýar.

Jaý we maşgala

Käbir çeşmelerden gowuşýan maglumatlardan çen tutulsa, jaý almak meselesinde propiska düzgüni henizem belli bir derejede problema bolup galýar. Meselem, Maryda ýaşaýan bir raýatyň Aşgabatda propiskasy bolmasa, onuň hatda hususy eýeçiligikdäki emlägi hem satyn almakda kynçylyk çekýändigi aýdylýar.

Jaý almak bilen bir hatarda beýleki şäherlerden paýtagta baran raýatlar üçin şäherde hasaba aldyrmak meselesinde hem dürli kynçylyklaryň bardygy aýdylýar. Mysal üçin, özüni Bazar Sähedow diýip tanadan Aşgabadyň ýaşaýjysy, öýlenensoň ýaşaýan ýeri boýunça ýazga durup bilmändigini, netijede aýaly ýogalansoň, aýaly bilen 10 ýyl bile ýaşan jaýyndan çykarylandygyny gürrüň berdi.

Ýerli çeşmeleriň aýtmagyna görä, beýleki welaýatyň ýaşaýjysy paýtagtla durumşa çykan ýa-da öýlenen halatynda Nika baradaky şahadatnamanyň esasynda 5 ýyl wagtlaýyn propiska bilen ýaşamaga haky bar. Bugaýewiň resmi çeşmelere salgylanyp beren maglumatyna görä, “ýaş gelin göwreli bolan halatynda ol ýaşaýan ýeri boýunça dessine hasaba alynýar”.

Propiska meselesi beýleki welaýatlardan okuwa gelen ýaşlary hem öz içine alýar. Azatlyk Radiosyna gowuşýan maglumatlardan çen tutulsa, olara okuw döwri 5 ýyllyk wagtlaýyn propiska berilýär. Aşgabatda iş tapan halatynda studente hemişelik propiska hem berilmegi mümkin diýip, ýerli çeşmeler aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG