Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mejlisiň öňki başlygy Öwezgeldi Ataýewiň azatlyga çykarylandygy aýdylýar


Öwezgeldi Ataýew (çepde) we Gurbanguly Berdimuhamedow, 2006-njy ýyl.
Öwezgeldi Ataýew (çepde) we Gurbanguly Berdimuhamedow, 2006-njy ýyl.
BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetinde 16-njy martda eden çykyşynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Wepa Hajyýew Mejlisiň öňki başlygy Öwezgeldi Ataýewiň we onuň aýalynyň türmeden boşadylandygyny habar berdi. Bu barada düýbi Wenada ýerleşýän adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” guramasy maglumat ýaýratdy.

Şol diňlenişige gatnaşan Tuhbatullin Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Wepa Hajyýewiň soňky iki ýylyň dowamynda birnäçe adamyň türmeden azatlyga çykarylandygyny aýdandygyny mälim etdi. Ol türkmen resmisiniň adam hukuklary boýunça halkara guramalaryň hasabatlarynda atlary agzalýanlary göz öňünde tutan bolmagynyň mümkindigini çaklaýar.

Hajyýew Mejlisiň öňki başlygy Öwezgeldi Ataýewiň 7 ýyl möhlet bilen türmä basylandygyny hem ýatladypdyr. Emma ol Ataýewiň we onuň aýalynyň haçan azatlyga çykarylandygyny anyk aýtmandyr. Ataýewiň türmeden boşadylandygy barada başga çeşmelerden tassyklama ýok.

2006-njy ýylyň 21-nji dekabrynda öňki prezident Saparmyrat Nyýazow aradan çykandan soňra, Türkmenistanyň Baş kanunyna görä, saýlawlara çenli Öwezgeldi Ataýew wagtlaýyn prezident bolmalydy. Emma ol tussag edildi. Oňa garşy sud 2007-nji ýylyň fewralynda bolupdy. Ataýew we onuň aýaly Gözel Ataýewa gelnini öz janyna kast etmek derejesine ýetirmek synanyşyklarynda aýyplanypdylar.

Düýbi Londonda ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça koordinatory Zulfiýa Abdyllaýewanyň Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, gurama Ataýewiň we onuň aýalynyň türmeden azatlyga çykarylandygy baradaky habary barlamakçy.

“Biz Ataýewiň we onuň aýalynyň hakykatdanam azatlyga çykarylandygynyň, olaryň öýlerine barandygynyň tassyklanmagyna garaşýarys. Eger bu habar tassyklansa, biz olaryň türmeden boşadylmagyna gowy baha bereris” diýip, Abdyllaýewa aýdýar.

Onuň sözlerine görä, gurama türkmen häkimiýetlerinden beýleki syýasy tussaglar barada hem maglumat bermeklerini haýyş etmekçi. “Olaryň sany köp. Olar Nyýazowyň we täze prezidentiň döwründe türmä basyldylar” diýip, Abdyllaýewa aýdýar.

Emma adam hukuklaryny goraýjylaryň käbiri Ataýewiň türmeden azatlyga çykarylandygy barada häzir habar berilmegine geň galýarlar. Şolaryň biri Tuhbatulliniň pikiriçe, türkmen hökümetiniň şeýle habary BMG-de Türkmenistan barada geçirilen diňlenişik bilen bagly ýaýradan bolmagy mümkin.

“Olaryň şeýle ädime oňyn baha beriljekdigine we guramanyň Adam hukuklary boýunça komitetiniň agzalarynyň türkmen häkimiýetleri baradaky umumy pikirleri gowulanar diýip, umyt eden bolmaklary mümkin” diýip, Tuhbatullin aýdýar.

Geçen ýylyň 17-18-nji maýynda Ženewada BMG-niň Gynamalara garşy komitetinde hem Türkmenistanyň hökümetiniň dokladynyň diňlenişigi boldy. Oňa gatnaşan türkmen delegasiýasynyň dokladynda 2010-njy ýylda köpçagaly ene hökmunde Gözel Ataýewanyň ýörite görkezme bilen azatlyga çykarylandygy barada hem maglumat bar.
XS
SM
MD
LG