Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewreý mekdebinde ot açmakda güman edilýän hüjümçi atyldy


Fransiýanyň polisiýasynyň, adam öldürmekde güman edilýän Mohammad Merahyň Tuluz şäherindäki öýüni gabawa alyp, ony ele salmak boýunça alyp baran iki günlük operasiýasy onuň atylyp öldürilmegi bilen tamamlandy.
Fransiýanyň polisiýasynyň, adam öldürmekde güman edilýän Mohammad Merahyň Tuluz şäherindäki öýüni gabawa alyp, ony ele salmak boýunça alyp baran iki günlük operasiýasy onuň atylyp öldürilmegi bilen tamamlandy.
Soňky 10 günüň dowamynda Fransiýanyň günorta-gündogar böleginde aýry-aýry wakalarda 7 adamy atyp öldürmekde güman edilýän hüjümçi polisiýa tarapyndan atlyp öldürildi.

Fransiýanyň polisiýasynyň, adam öldürmekde güman edilýän Mohammad Merahyň Tuluz şäherindäki öýüni gabawa alyp, ony ele salmak boýunça alyp baran iki günlük operasiýasy onuň atylyp öldürilmegi bilen tamamlandy.

Mohammad Mera 21-nji martda agşam operasiýanyň başlanan wagty ýapyk gapysynyň aňyrsyndan ot açyp iki polisiýa wekilini ýaralady. Şondan bäri howpsuzlyk güýçleri bu adamyň özüni polisiýa tabşyrmagyny gazanmak üçin gepleşik alyp bardylar.

Polisiýa hepdäniň duşenbe güni Tuluzyň ýewreý mekdebinde üç çagany we rawwin ruhanysyny atyp öldüren hüjümçini gözläp tapmak boýunça giňişleýin çärä başlapdy. Şol regionda martyň başyndan bäri bolan iki hüjümde üç adamyň heläk bolmagynda hem Merahyň eliniň bardygy çak edilýär.

​Bu jenaýatçylyklarda güman edilýän Mohammed Merah Fransiýanyň Alžirde doglan 24 ýaşly raýatydy. 21-nji martda prokurorlar onuň günäsini boýun alanlygyny we özüni polisiýa tabşyrmagy wada berenligini habar beripdiler.

Tuluz hüjüminde güman edilýän
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:25 0:00

Wideo: Fransiýanyň telewizion kanaly "France 2" tarapyndan ýaýradylan wideoda Fransiýanyň günorta-gündogar böleginde aýry-aýry wakalarda 7 adamy atyp öldürmekde güman edilýän güman edilýän Mohammad Merah görkezilýär. Wideo bir ýarym ýyl mundan öň düşürilipdir. Ol ýerde Mohammed Merah "Serediň, hüjüm" diýýär.

Fransiýanyň prokurory Fransua Molenyň žurnalistlere aýtmagyna görä, Mohammad Merah başga hüjümleri hem planlaşdyrypdy. Fransua Molen, Mohammed Merahyň gabawda saklanýarka polisiýa aýdan sözleri dogry bolup çyksa, onuň 22-nji martda hem bir hüjümi amala aşyrmagy göz öňünde tutanlygyny belledi.

Käbir maglumatlarda Merahyň “Al-Kaýda” bilen gatnaşykda bolup, Owganystanda we Pakistanda türgenleşenligi hem habar berilýär.

Fransiýanyň häkimiýetleri Merahy diri ele salyp, onuň suduň öňünde jogap bermegini isleýändiklerini yglan edipdiler. Emma Fransiýanyň içeri işler ministri Klod Gueantyň aýtmagyna görä, Muhammet Merah ot açyp, aýnadan böküp çykanda terroçylyga garşy göreş boýunça polisiýa güýçleri özlerini goramak üçin ok atmaga mejbur bolupdyrlar, netijede “Mohammed Merah ýerde öli tapyldy”.

Merahyň birnäçe maşgala agzalary polisiýa tarapyndan saklandy. Habar berlişine görä, hepdäniň çarşenbe güni onuň ejesi, ogluny polisiýa boýun bolmaga ündemek üçin, Tuluza eltilipdi.

Tuluzyň ýewreý mekdebinde atylyp öldürilen üç çaga we rawwin hepdäniň çarşenbe güni Ierusalimde jaýlandylar.
XS
SM
MD
LG