Sepleriň elýeterliligi

Ýedi adamy öldürmekde aýyplanýan fransuz raýatynyň ölendigi aýdylýar


Fransiýada ýedi adamy öldürmekde aýyplanýan 24 ýaşly fransuz raýatynyň penşenbe güni polisiýanyň operasiýasy wagtynda ölendigi barada maglumat alyndy.

Fransiýanyň içeri işler ministri Klaude Guent şu gün bu jenaýatçylyklarda aýyplanýan Muhammed Merahyň polisiýa garşy ok atyp, öz jaýynyň penjiresinden daşaryk bökende, ölendigini aýtdy. Ony ele salmak boýunça geçirilen gabaw operasiýasy 32 sagat dowam etdi.

Fransiýanyň polisiýasy alžir asylly Muhammed Merahyň şu aýyň dowamynda üç sany harby esgeri, şeýle hem üç sany ýewreý çagasyny we bir ýewreý mugallymyny atyp öldürenlikde aýyplanýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG