Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Siriýa barada beýanat kabul etdi


Penşenbe güni BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan çarşenbe güni kabul edilen beýanatyň Siriýadaky krizis babatynda öwrülişikli bir waka bolmagyna umyt edýändigini aýtdy.

Hepdäniň çarşenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde biragyzdan kabul edilen beýanat BMG-niň ýörite wekili Kofi Annan tarapyndan Siriýa babatynda öňe sürlen parahatçylyk planyny doly goldaýar.

Kofi Annanyň teklip eden planynda Siriýadaky gandöküşikleriň haýdan-haý bes edilmelidigi, gumanitar ýardamlaryň howpsuz ýagdaýda ilata ýetirilmelidigi we syýasy dialogyň ýola goýulmalydygy öňe sürülýär.

Çarşenbe güni Siriýa babatynda kabul edilen soňky beýanaty Orsýet bilen Hytaý hem goldap ses berdi.
XS
SM
MD
LG