Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şwesiýada hüjüm edilen özbek ruhanysynyň ýagdaýy agyr


Şwesiýada janyna kast etmek synanyşygy amala aşyrylan özbegistanly musulman ruhanysynyň ogly penşenbe güni öz kakasynyň saglyk ýagdaýynyň örän agyr bolmagynda galýandygyny aýtdy.

Şu ýylyň 22-nji fewralynda Şwesiýanyň Stromsund şäherinde bir näbelli adam tarapyndan atylan 50 ýaşly ruhany Obidhon Kori Nazarowyň ogly Dowut Nazarow şol hüjümden bäri kakasynyň yzygiderli medisina bejergisini alýandygyna garamazdan, onuň halynyň henizem örän agyrdygyny mälim etdi.

Ýöne ol kakasynyň häzirki wagt anyk nirede ýerleşýändigini aýtmakdan saklandy. Özbegistanda müňlerçe tarapdary bolan musulman ruhanysy Obidhon Kori Nazarow häkimiýetleriň yzarlamalary sebäpli 2006-njy ýylda Şwesiýadan gaçybatalga alypdy.
XS
SM
MD
LG