Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde wertolýot arkaly türmeden gaçan tussag ele salyndy


Penşenbe güni Orsýetiň häkimiýetleri öten agşam ýurduň Wologda şäherinde wertolýot arkaly türmeden alnyp gaçylan tussagyň gaýtadan ele salnandygy habar berdiler.

Maglumata görä, 25 ýyl türme tussaglygy berlen Alekseý Şestakow atly tussag öten agşam Wologda şäherindäki aýratyn berk goragly türmeden bir hususy wertolýotyň ýardamy bilen gaçyp çykypdyr.

Wakada Alekseý Şestakowyň bir aýal we erkek tanşynyň hususy wertolýoty alyp gaçyp, onuň pilotlaryny öz buýruklaryny ýerine ýetirmäge mejbur edendikleri aýdylýar.

Orsýetiň polisiýa resmileri häzirki wagt bu uçary alyp gaçan we Alekseý Şestakowyň türmeden gaçmagyna ýardam eden bu iki şahsyýetiň gözlenilýändigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG