Sepleriň elýeterliligi

Pakistanly hindiler dört günlük proteste başladylar


Penşenbe güni Pakistanyň iki sany şäherinde ýerli hindi jemgyýetiniň agzalary özleriniň güýç bilen yslam dinini kabul etmäge mejbur edilmeklerine hem-de hindi gyzlarynyň alnyp gaçylmagy bilen baglanyşykly wakalara protest bildirip, ýöriş geçirdiler.

Ýerli hindiler bu protest ýörişiniň dört gün dowam etjekdigini aýdýarlar. Pakistanyň Haýdarabad we Mirpur Kas şäherinde ýaşaýan hindiler bu iki şäheriň aralygynda 100 kilometr aralyga ýöriş geçirmekligi planlaşdyrýarlar.

Pakistandaky Hindi Geňeşiniň başlygy Rameş Kumar 2008-nji ýyldan bäri bu regionda her aýda ortaça üç sany hindi gyzynyň alnyp gaçylýandygyny we olaryň köplenç ýerli pakistanlylara äre çykmaga hem-de yslam dinini kabul etmäge mejbur edilýändiklerini aýdýar.
XS
SM
MD
LG