Sepleriň elýeterliligi

Ýokary derejeli türkmen delegasiýasy Birleşen Ştatlara bardy


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli hökümet delegasiýasy iki günlük sapar bilen Waşingtona bardy.

Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň bu barada ýaýradan press-relizinde 22-nji we 23-nji mart günleri Waşingtonda geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikleriň türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ähli taraplaryny, şol sanda regional howpsuzlyk, ykdysady we söwda gatnaşyklary, sosial-medeni ugurdaky hyzmatdaşlyklar we ynsan hukuklaryny goramaklygy üpjün etmek ýaly meseleleri-de öz içine aljakdygy habar berilýär.

Habar agentlikleriniň maglumatyna görä, bu saparyň barşynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton bilen hem gepleşik geçirer.
XS
SM
MD
LG