Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada türkmen raýatynyň eýeçiligindäki jelephananyň üsti açyldy


Orsýetde ten satmak we jelephana saklamak bikanun.
Orsýetde ten satmak we jelephana saklamak bikanun.
Moskwanyň polisiýasy Türkmenistanyň raýatynyň eýeçiligindäki jelephananyň üstüni açanlygyny habar berdi. Resmi maglumatlara görä, ol 37 ýaşly zenan.

Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň Moskwa boýunça uprawleniýesiniň resmi wekili Anatoliý Wastowetskiniň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, polisiýa Moskwanyň gündogar böleginde ýerleşýän Swobodnyý prospekt köçesiniň 11-nji jaýynda zenanlaryň öz tenini satýanlygy barada gowşan maglumaty barlap, merkezi aziýaly üç zenany ele salypdyr.

Polisiýanyň resmi maglumatynda 20-nji martda üsti açylan bu jelephananyň Türkmenistanyň raýaty bolan 37 ýaşly zenan tarapyndan kireýine tutulan jaýda gurnalanlygy aýdylýar. Resmi habarda jaýda saklanan beýleki iki zenanyň: Gyrgyzystanyň 40 ýaşly we Özbegistanyň 35 ýaşly raýatlarydygy görkezilýär.

Moskwanyň polisiýasynyň resmi wekili Anatoliý Wastowetskiniň sözlerine görä, Türkmenistanyň raýatyna garşy Orsýetiň Jenaýat Kodeksiniň 241-nji maddasynyň 1-nji bolegi boýunça jenaýat işi gozgaldy.

Orsýetde ten satmak we jelephana saklamak bikanun.

Orsýetiň Jenaýat Kodeksiniň “Ten satmak üçin jelephana saklamak baradaky” bu maddasyna laýyklykda, belli bir möhletli tussaglyk we jerime göz öňünde tutulýar diýip, polisiýanyň resmisi Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň raýaty bilen bilelikde ele salnan we jyns taýdan hyzmat etmek bilen meşgullanan Gyrgyzstanyň we Özbegistanyň raýatlary babatynda administratiw kanunlary bozmak barada protokol düzüldi. Bu protokol olara jerime salynmagyny göz öňünde tutýar.

Moskwanyň polisiýasynyň resmi wekili Wastowetskiniň sözlerine görä, Migrasiýa gullugynyň zenanlary deportasiýa etmek kararyna gelmegi-de mümkin.

Moskwanyň polisiýasy tarapyndan ele salnan merkezi aziýaly bu zenanlaryň atlary aýan edilmedi.
XS
SM
MD
LG