Sepleriň elýeterliligi

Bütindünýä suw gününde ABŞ-nyň hasabaty ýakymsyz çaklamalary getirýär


Hytaýyň Anhui welaýatyndaky Guihu kölüniň bir bölegi gurap galdy.

Hytaýyň Anhui welaýatyndaky Guihu kölüniň bir bölegi gurap galdy.

Birleşen Ştatlaryň täze hasabatynda öňümizdäki onýyllyklarda dürli babatlarda barha artýan ýetmezçilikleriň we suw bilen baglanyşykly beýleki problemalaryň dürli ýurtlaryň arasynda konfliktlere sebäp bolup, käbir döwletleriň şowsuzlyga uçramagyna ýa-da terroristler tarapyndan manipulirlenmegine getirmegi mümkin diýip duýduryş berilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä suw gününe gabatlanyp, penşenbe güni çykarylan bu hasabat suw howpsuzlygy boýunça aňtaw gulluklarynyň Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klintonyň haýyşy boýunça taýýarlan analizine esaslanýar.

Suw güni mynasybetli Waşingtonda geçirilen dabarada Birleşen Ştatlaryň baş diplomaty gelnen netijeleriň adamy aladalandyrýandygyny belledi.

“Meniň pikirimçe, aňtaw gulluklarynyň gelen netijeleri adamy çynlakaý oýlandyrýar diýsek, adalatsyzlyk bolmaz. Dünýäniň ilatynyň sany artsa, suwa bolan talap hem artar. Onsoň biziň suw üpjünçiligimiz muny kanagatlandyryp bilmez”.

Hasabatda aýdylyşyna görä, geljek onyýyllykda döwetler arasynda suw bilen baglanyşykly konfliktleriň turmagy ähtimal däl. Ýöne 2022-nji ýyldan beýläk bu mümkinçilik artar. Ilat sanynyň köpelmegi netijesinde aýratyn-da Demirgazyk Afrika, Orta Gündogar we Günorta Aziýa ýurtlary suw ýetmezçiliginden kynçylyk çekerler. Klimatyň üýtgemegi bilen suw joşguny we guraklyk azyk üpjünçiligine howp salar.

Hasabatda şeýle-de suw resurslaryndan bilelikde peýdalanmak meselesinde häzir özara gepleşiklere bil baglaýan ýurtlaryň käbiriniň ol diýen parahatçylykly bolmadyk çärelere ýüz urmagynyň mümkindigi aýdylýar.

Muny hanym Klinton şeýle düşündirdi: “Suw meselesiniň käbir ýurtlaryň bütinleý şowsuzlyga uçramagyna, suw basseýnlerini özara bölüşýän döwletleriň arasynda regional konfliktleriň güýjemegine, hatda gazaply hereketleriň başlanmagyna hem getirmegi mümkin”.

Hasabatda suw resurslarynyň geljekde dartgynlylyk astyna düşmegi netijesinde terroristleriň adamlara, oba hojalygyna we senagata suw üpjünçiligi üçin gerekli bentlere ýa suw howdanlaryna hüjüm etmeginiň hem mümkindigi agzalýar.

Dokumentde öňdäki onýyllyklarda, töwekgelçiligi has ýokary diýip belli bir ýurt agzalmasa-da, Nil, Iordan, Mekong, Tigr we Ýewfrat, şeýle hem Orta Aziýadaky Amyderýany hem öz içine alýan belli-belli derýalaryň we suw basseýnleriniň üstünde durlup geçilýär.

Waşingtonyň bu hasabatyna garamazdan, Birleşen Milletler Guramasynyň penşenbe güni beren sanlary ol diýen oňaýsyz däl. Bütindünýä Saglyk guramasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar fondy 2010-njy ýylda tamamlanan onýyllykda 2 milliarddan gowrak adamyň agyz suwy bilen üpjün edilendigini habar berdiler.

Bu gulluklaryň aýtmagyna görä, geljek üç ýylyň içinde dünýä ilatynyň 92 prosenti arassalanan agyz suwundan peýdalanyp biler. Ýöne käbir problemalaryň bardygyny Birleşen Milletler Guramasy-da boýun alýar. Guramanyň Baş sekretary Pan Gi Munuň aýtmagyna görä, takmynan 800 million adam üçin arassa suw elýeterli däl.

Pan bir beýanatda geljekde suw bilen baglanyşykly kynçylyklary ýeňilleşdirmek üçin suw infrastrukturasyny gowulandyrmak, oba ýerlerini ösdürmek we suw resurslaryny netijeli dolandyrmak üçin maýa goýulmagynyň zerurdygyny belledi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG