Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda zenanlaryň keşbiniň sergisi geçirildi


Sergini ýurduň Medeniýet ministrligi hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilelikde gurnady.
Sergini ýurduň Medeniýet ministrligi hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilelikde gurnady.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi zalynda martyň 16-dan 23-i aralygynda “Zenanlaryň keşbiniň sungat we fotosuratlar arkaly beýan edilişi” atly sergi gurnaldy. Sergini ýurduň Medeniýet ministrligi hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilelikde gurnady. Onda türkmen hudožnikleriniň we fotožurnalistleriniň 100-e golaý işi ýerleşdirildi.

Aşgabadyň 2-nji Sazçylyk sungat mekdebiniň okuwçylarynyň çykyşlary bilen açylan bu sergä dürli ýaşdaky tomaşaçylar geldiler.

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň medeniýet bölüminiň başlygy Kortneý Doggartyň Azatlyk Radiosyna beren gürrüňine görä, bu sergini gurnamak ideýasy ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynyň Oswego döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň professory doktor Geraldin Forbsyň sungat eserleriniň höwesinden döräpdir.

“Onuň käbir häzirki işlerindäki fotosuratlary aýallaryň dürli döwürlere degişli durmuşyny öwrenmäge mümkinçilik berýär” diýip, Kortneý aýdýar. “Şol sebäpden hem bu sungat eserlerini synlamak we eserlerdäki aýallaryň durmuşyny öwrenmek üçin sergi gurnamak barada bizde ajaýyp pikir döredi”.

Kortneý Doggart bu sergini gurnamakda türkmen hökümeti bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçiligiň dörändigini aýtdy.

“Bu ýerde sergi üçin ulanar ýaly ajaýyp türkmen sungaty we gadymy sungat eserleri bar. Bu sergini gurnamaklygyň özi türkmen hökümeti, hususan-da şekillendiriş muzeýi bilen ilçihananyň arasyndaky şowly hyzmatdaşlygyň mysaly boldy” diýip, Kortneý belleýär.


ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen suratkeşleriniň işleriniň aýallaryň taryhyny şöhlelendirişine baha bermek üçin doktor Geraldin Forbsy Türkmenistana çagyrdy. Doktor Forbs martyň 11-nden 17-si aralygynda şekillendiriş sungaty baradaky leksiýalary bilen Aşgabatda çykyş etdi.

“Bu gadymy döwre degişli ajaýyp žiwopis eserleriniň, fotosuratlaryň we arheologiki tapyndylaryň ajaýyp sergisi boldy” diýip, doktor Geraldin Forbs aýallaryň taryhyna bagyşlanyp gurnalan bu serginiň özünde galdyran täsiri barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

1987-nji ýylda ABŞ-nyň Kongresi ýurduň taryhyna we häzirki zaman jemgyýetine zenanlaryň goşan goşandy üçin mart aýyny Zenanlar taryhynyň aýy diýip yglan edipdi. Şondan bäri ABŞ-nyň dürli ýurtlardaky ilçihanalary her ýylyň mart aýynda dürli çäreler bilen Zenanlaryň taryhynyň aýyny belläp geçýärler.
XS
SM
MD
LG