Sepleriň elýeterliligi

Kirkuk şäheriniň türmesinden howply tussaglaryň 19-sy gaçyp çykdy


Anna güni Yragyň resmileri ýurduň Kirkuk şäherindäki wagtlaýyn türmeden howply tussaglaryň 19-synyň gaçyp çykandygyny habar berdiler.

Maglumata görä, bu tussaglar anna güni daňdanlar türmäniň ýokarsyndaky wentilýasion penjireden gaçyp çykypdyrlar.

Yragyň resmileri bu gaçgaklaryň arasynda Al-Kaýda terror toparynyň birnäçe agzasynyň we ölüm jezasyna höküm edilen iki sany jenaýatçynyň-da bardygyny aýdýarlar.

Olaryň gaçyp çykan wagtlaýyn tussaghanasynyň Kirkuk şäherindäki berk goragly polisiýa edarasynyň howlusynda ýerleşýändigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG