Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýetiň Dumasy Latwiýada faşizmiň goldanylmagyna alada bildirdi


Orsýetiň Döwlet Dumasy anna günki geçiren sessiýasynda Latwiýada faşizmiň goldanylmagy we ynsan hukuklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly ýörite beýanat kabul etdi.

Maglumata görä, bu kabul edilen beýanatda ýakynda, 16-njy martda “Latwiýanyň legionerleriniň güni” ady bilen Rigada geçirilen ýöriş bilen baglanyşykly waka alada bildirilýär.

Rigada geçirilen şol ýörişe Ikinji Jahan Urşy ýyllarynda nasistik Germaniýanyň SS güýçleriniň düzüminde meýletinlik bilen gulluk eden ýörite toparyň agzalary-da gatnaşdylar.

Orsýetiň Dumasynyň beýanatynyň tekstinde bu waka rasizme, milletparazlyga we anti-semitizme garşy göreş alyp baran hakyky antifaşistlere we ynsan hukuklaryny goraýjylara garşy göni hüjüm hökmünde häsiýetlendirilýär.
XS
SM
MD
LG