Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanyň gimniniň ýerine “Borat” filminden saz ýaňlandy


Anna güni Gazagystanyň Daşary işler ministrligi Kuweýtde geçýän halkara sport ýaryşynda Gazagystanyň milli gimniniň ýerine oňa döredilen parodiýanyň eşitdirilmegini “skandal waka” diýip atlandyrdy.

Maglumata görä, “Borat” atly kinokomediýa üçin ýazylan parodiýa gimni şu hepde Kuweýtde gazagystanly bir sportsmeniň gazanan ýeňşiniň hormatyna eşitdirilipdir.

Gazagystanyň sport toparynyň agzalary munuň sebäbini soranlarynda, Kuweýtiň sport çärelerini gurnaýjy resmileriniň muňa hiç hili düşündiriş bermändiklerini aýdýarlar.

Gazagystanyň Daşary işler ministrligi bu bolan waka boýunça Kuweýtiň häkimiýetlerinden düýpli derňew geçirmekligi talap etdi.
XS
SM
MD
LG