Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň, Eýranyň we Pakistanyň liderleri sammit geçirýär


Owganystanyň, Eýranyň we Pakistanyň prezidentleri şenbe güni Täjigistanyň paýtagtynda regional meseleler bilen baglanyşykly sammite ýygnanýarlar.

Täjigistanyň Daşary işler ministrligi Owganystan we regional meseleler bilen baglanyşykly geçiriljek bu sammitiň çäklerinde bu üç ýurduň prezidentleriniň Nowruz baýramçylygy bilen baglanyşykly çärelere-de gatnaşjakdyklaryny habar berdi.

Pars dilli bu üç ýurduň liderleriniň Nowruz baýramçylygyna gabatlap sammit geçirmekleri soňky ýyllar özboluşly bir däbe öwrüldi.
XS
SM
MD
LG